Mergenler paýtagtyň açyk çempionatynda

4 Awgust 2023
454

Golaýda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Gyşky oýunlar sport toplumynda ýaý atmak boýunça Aşgabat şäheriniň açyk çempionaty geçirildi. Ýaryşy Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebi Türkmenistanyň Ýaý atyjylyk federasiýasy bilen bilelikde gurady.

Bu ýaryşda biziň mekdebimiziň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, ýurdumyzyň Ýaý atyjylyk federasiýasynyň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mergenleriniň 84-si paýtagtymyzyň çempiony bolmak ugrunda bäsleşdiler.

Atajan ÖWEZNEPESOW,
Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 5-nji sport mekdebiniň müdiri.