Ähmiýeti uly bäsleşikler

4 Awgust 2023
349

Bu günki gün ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Watanymyzda adam saglygyny goramak ugrunda döredilýän şert-mümkinçilikler raýatlaryň beden hem ruhy taýdan sagdynlygyny, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda etrabymyzyň sport mekdeplerinde zähmet çekýän tälimçiler sagdyn jemgyýeti berkarar etmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işlere goşant goşmak ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Tejribeli tälimçileriň halypalygynda kämillik ýoluna gadam goýýan türgenlerimiz diňe bir ýurdumyzda däl, halkara giňişliginde gazanýan ýeňişleri bilen ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga höwesini artdyrýarlar. Biz hem etrabymyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda sport ýaryşlaryny guraýarys. Bu bäsleşiklere ýaşlar uly höwes bilen gatnaşýarlar.

Mahmut ÝAZOW,
TKA-nyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň başlygy.