Berdaşly pälwan

4 Awgust 2023
566

Birki ýyllykda türkmen halkynyň gerçek ogly Annaseýit wekil serdar hakynda makala ýazmak üçin Ahalyň gadymy obalarynyň biri bolan Herrikgala bardym. Şol ýerde geçmiş taryhymyza hormat goýýan adamlar bilen duşuşyp, söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Şonda ýokary bilimli alym-agronom, mugallymçylyk käri bilen bagly dürli wezipelerde işlän, segseni sermäp ýören Baýramdurdy Myratberdiýew hem halkyň arasynda meşhur bolan Motdyk pälwan we onuň göteren dag daşy hakynda eşiden gürrüňlerinden bilýän zatlaryny gürrüň beripdi. Şondan soň Motdyk pälwanyň ömri bilen içgin gyzyklanyp, ýaşululardan we köne neşirleriň sahypalaryndan maglumatlary toplamaga girişdim. Gözleglerim meni Aşgabadyň etegindäki Bagyr obasyna getirdi.

Bag-bakjalyga bürenip oturan bereketli toprakda ýerleşýän obada Motdyk pälwanyň agtygy Söýünguly aga we pälwanyň dogany Garanyň çowlugy, öz agramynda türkmen milli göreşi boýunça Türkmenistanyň birnäçe gezek çempiony, toýlary baglan pälwan Durdymyrat Nyýazow bilen gürrüňdeş bolanymda özümi gyzyklandyrýan sowallara jogap tapdym. Motdyk pälwanyň kakasy Anna aganyň asly Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gorjaw obasyndan bolupdyr. 1880-nji ýylda Gorjaw obasynda Anna aganyň we Oguldursun ejäniň döwletli maşgalasynda dünýä inen perzende Baýramdurdy diýip at dakýarlar. Anna aga maşgalasy bilen ХIХ asyryň aýaklarynda häzirki Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň bol suwly, mes toprakly mekanyna göçüp gelýär. Olar gadymy Nusaý galasynyň demirgazygyndaky Çil diýlen ýeri ýurt tutunyp, daýhançylyk bilen meşgullanyp, güzeran görýärler.

Çarymyrat GARAHANOW,
Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň weterany, polisiýanyň ätiýaçdaky podpolkownigi.