Taryhda şu gün

4 Awgust 2023
361

2021-nji ýylyň 5-nji awgustynda «Barselonanyň» janköýerlerini gynandyran waka bolup geçdi. Şol gün «katalonlylaryň» aýrylmaz bölegi hasaplanan argentinaly futbol ýyldyzy Lionel Messi topar bilen hoşlaşdy.

«Altyn top» baýraklaryny gazanmakda öňdeligi eýeleýän Messi «Barselonadaky» ilkinji duşuşygyny 2004-nji ýylda geçiripdi. Toparda çykyş eden döwri resmi duşuşyklaryň 778-sine gatnaşan bu futbolçy netijeli urgularyň 672-sini öz adyna ýazdyrmagy başarypdy.

Döwlet ATAŞEW,
«Türkmen sporty».