Gün urmasyndan goranyň!

4 Awgust 2023
702

Gün şöhlesiniň adam saglygyna peýdasy uludyr. Ýaş çagalarda igleme keseliniň öňüni almaga ýardamly D witamini Gün şöhlesiniň täsiri arkaly emele gelýär. Munuň üçin ýaş çaga bilen her gün irden sagat 9:00-a çenli, agşam 18:00-dan soň 15 – 20 minut gezelenç etmek ýeterlikdir. Çagalar kölegede oýnamaly. Olara nah matadan tikilen eşikleri geýdirmeli. Başgapsyz gezdirmeli däl. Gün şöhlesi uly adam üçinem gerekdir. Haçan-da bedende Gün şöhlesi ýetmezçilik edende, keýpsizlik, ukynyň bozulmagy we gaharjaňlyk ýüze çykýar. Ýöne şu günler howanyň aşa gyzýandygyny nazara alyp, Günüň ultramelewşe şöhlesiniň astynda aşa köp bolmakdan saklanmaly. Jöwzaly yssyda özüňi nädogry alyp barmak bedende dürli näsazlyklaryň ýüze çykmagyna getirýär. Ýiti Gün şöhlesinden goranylmadyk ýagdaýynda, deride ýanyk, tegmil we ýygyrt peýda bolýar. Gözüň şikes almak ähtimallygy artýar.

Tomsuna bedendäki suwuň deňagramlylygyny saklamak möhümdir. Köp mukdarda suwuklygyň der üsti bilen bölünip çykmagy diňe bir bedeniň deňagramlylygyny bozman, eýsem, ganyň goýulaşmagyna, insult, infarkt keselleriniň döremegine-de sebäp bolup bilýär. Şonuň üçin yssy howada günüň dowamynda 2,5-3 litre golaý suw içmeli. Özem gazlandyrylan ýa-da şireli suwlara, kofä derek arassa agyz suwuny içmek peýdalydyr. 2 ýaşamadyk çagalar, gartaşan adamlar, käbir öýken, ýürek, nerw kesellerinden ejir çekýänler Günüň ýiti şöhlesiniň düşýän wagtynda daşary çykmakdan saklanmaly. Yssydan öýe girilende, hökman çygly eşigiňi çalyşmaly. Sowadyjynyň öňünde durmakdan saklanmaly. Munuň özi beýniniň, ýüzüň süňk boşluklarynyň sowuklamagyna, ýokarky dem alyş ulgamynyň keselleriniň döremegine getirip biler. Şeýle hem gyzyp gelip, sowuk suwa düşmek, buz ýaly içgileri içmek bolmaýar. Bu agyz boşlugynyň, dişiň, gyzylödegiň, ýokarky dem alyş ulgamynyň sowuklamagynyň esasy sebäbidir. Jöwzaly tomusda Gün urmasyndan goranalyň we sagdyn bolalyň!

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.