Welaýatlardan habarlar

4 Awgust 2023
496

Ýakynda Akdepe etrabynyň 1-nji sport mekdebinde etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň we şol mekdebe gatnaýan çagalaryň ata-eneleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda ilki bilen Akdepe etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň müdiri H.Oraznepesowa çykyş edip, etrabyň ýaşajyk türgenleriniň etrap, welaýat, döwlet derejesindäki geçirilýän sport ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri bilen giňişleýin tanyşdyrdy. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň başlygy Baýramdurdy Meredow, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni Muhammetkuly Çarwaýew öz çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ýaş nesliň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin edýän aladalary hakynda, ýaramaz endiklere garşy aýgytly göreş alyp barmak barada giňişleýin gürrüň berdiler.