Paýtagtyň açyk çempionaty

11 Awgust 2023
304

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Türkmenistan sportuň ösen döwleti, sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany hökmünde tanalýar. Ýurdumyzda döredilen şertler türgenlerimiziň ýokary netijeleri gazanmagyna, ildeşlerimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna mümkinçilik berýär. Bu döredilýän mümkinçilikler geçirilýän ýaryşlarda hem öz beýanyny tapýar.

Golaýda düzzümiň bäşdaş görnüşi boýunça 20 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda Aşgabat şäheriniň açyk çempionaty geçirildi. «Bagtyýarlyk» sport toplumynda geçirilen ýaryşda oýunçylara 20 minut wagt berildi. Aýlaw usulynda guralan oýunlar gyzlaryň arasynda 11, oglanlaryň arasynda 18 tapgyrda geçirildi. Çekeleşikli geçen duşuşyklarda esasy bäsdeşlik Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sort baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň we Türkmenistanyň Milli sport oýunlary merkeziniň türgenleriniň arasynda boldy. Tejribeli oýunçylaryň arasynda geçirilen oýunlar ýaş türgenler üçin hem uly tejribe sapagy boldy.

Ýazbike ÖWEZOWA,
Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň tälimçisi, ýaryşyň baş emini.