Beýik maksatlary nazarlaýan tagallalar

4 Awgust 2023
420

Olimpiýa hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň dabaralanmagyny gazanmak, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli kemala getirmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu gün eziz Diýarymyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, sport ulgamy hem döwrebap derejede, ylmy esasda ösdürilýär. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlary, desgalar, ýörite sport mekdepleri yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Milli sport ulgamynyň düýpli kämilleşdirilmegi hemmetaraplaýyn ösen, sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmäge ýardam berýär.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen türkmenistanly türgenleriň ýokary netijeleri görkezip, dünýäniň sport giňişliginde ata Watanymyza mynasyp wekilçilik etmegi üçin ähli zerur çäreler durmuşa geçirilýär. Ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine uly üns berilmeginiň netijesinde türkmen türgenleri ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän iri halkara ýaryşlara gatnaşyp, uly üstünlikleri gazanýarlar, baýrakly orunlara we medallara mynasyp bolýarlar. Sportuň dürli görnüşleri boýunça tälimçiler hem daşary ýurtly kärdeşleri bilen tejribe alyşmak arkaly ukyp-başarnyklaryny we hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrýarlar. Şu ýylyň alty aýynda türkmenistanly türgenler halkara ýaryşlarda 111 altyn, 102 kümüş we 155 bürünç medal gazandylar. Asylly däbe eýerilip, baýrakly orunlary eýelän türgenlere hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlaryň gowşurylmagy olary täze ýeňişlere ruhlandyrdy.

Allaberdi SAPAROW,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy.