Welaýatlardan habarlar

14 Iýul 2023
512

Balkan welaýatynyň kitaphanasynda «Arkadag şäheri – geljegiň şäheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesiniň guramagynda geçirilen dabarada çykyş edenler täze neşiriň Arkadag şäheri barada gymmatly gollanma bolandygyny buýsanç bilen nygtadylar.

«Geljegiň şäheri» bolan Arkadag şäheriniň açylmagyna bagyşlanan täze neşirde döwrebap şäheriň birinji tapgyrynda ýerine ýetirilen işler baradaky maglumatlaryň täze binalaryň we gurluşyk işleriniň özboluşly aýratynlyklary barada gürrüň berýän fotosuratlar bilen utgaşdyrylmagynyň özüne çekiji bolandygy aýratyn bellenilmeli ýagdaýdyr.