Ilkinji duşuşyk, ilkinji ýeňiş

7 Iýul 2023
418

Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy mynasybetli ýerli 10 müň orunlyk stadionda ilkinji resmi duşuşyk geçirildi. Häzirki wagtda dowam edýän ýurdumyzyň futbol çempionatynyň birinji aýlawynyň netijesinde birinji orny eýeleýän «Arkadag» hem-de geçen ýyl futbol çempionatymyzyň ýeňijisi bolan «Ahal» toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşykda netijeli urgularyň üçüsi hasaba alyndy.

FIFA-nyň halkara derejeli emini Resul Mämmedowyň eminlik eden duşuşygyndaky ilkinji hüjümler «Ahal» toparynyň derwezesine boldy. «Arkadag» toparynyň hüjümleri esasan sag tarapdan hereket eden Begmyrat Baýowdan geldi. Duşuşygyň birinji ýarymynda esasy ünsi hüjümde jemlän ýerli topardan Abdy Bäşimow bilen Yhlas Saparmämmedowyň hem birnäçe howply pursatlary döredendiklerini bellemek gerek. Duşuşygyň 11-nji minutynda B.Baýowyň kelle bilen jerime meýdançasyna geçiren topuna Y.Saparmämmedow sähel ýetişende hasap açylmalydy. 12-nji minutda Didar Durdyýewiň 20 metr çemesi aralykdan depen topuna «Ahalyň» derwezeçisi Rüstem Ahallyýew kynlyk bilen hem bolsa ýetmegi başardy. 22-nji minutda Şanazar Tirkişowyň golaý aradan aýlawly depen topuna hem şowlulyk ýetmedi. Oýnuň 31-nji minutynda «Ahalyň» garşylyklaýyn hüjümleriniň biri netijä örän ýakyn geldi. Şol pursat Gurbanmuhammet Esenowyň depen topy derwezede gaýmalamalydy. Onuň derwezä gönükdiren topuna derwezeçi Rasul Çaryýew ýetişmedik hem bolsa, ol toparyň goragçysy Yhlas Toýjanowyň «nazaryndan» sypmady. Şol pursatlar «Ahalyň» garşylyklaýyn hüjümler bilen «Arkadag» toparynyň derwezeçisi R.Çaryýewi birnäçe gezek aldym-berdime salandygyny bellemek gerek. Duşuşygyň 40-njy minutynda birinji ýarymyň iň ezber oýunçysy B.Baýowyň sag gyradan eden hüjümi öz netijesini berdi – 1:0. Şu hasap bilen toparlar arakesmä çykdylar.

Orazgeldi GELDIÝEW, «Türkmen sporty».
Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.