Bedenterbiýe we sport

14 Iýul 2023
415

«Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Ahal welaýat bölümi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi bilen bilelikde türkmen milli oýunlary boýunça bäsleşikleri gurady. «Gökdere» jülgesinde ýerleşýän «Bagtyýar nesiller» sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda geçirilen şowhunly ýaryşlar «Sport sagdynlygyň girewidir» diýlip atlandyryldy. Bu ýerde tanap çekmek, keçe-keçe hem-de mergenlik oýunlary ýaly meşhur milli görnüşlerimizden ýaryşlar ýaýbaňlandyryldy.

Çagalar bu ýaryşa uly gyzyklanma bilen gatnaşdylar. Bäsleşikleriň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.