Futbol täzelikleri

14 Iýul 2023
574

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy 24-nji awgustda AFK-nyň Çempionlar ligasynyň Gündogar hem-de Günbatar zolaklarynyň bije çekişlik dabarasynyň geçiriljekdigini mälim etdi. Bije çekişlik dabarasy Kuala-Lumpur şäherinde Aşgabat wagty bilen 13-00-da başlanar.

Geçiriljek bije çekişligiň netijesinde dört topardan ybarat bolan toparçalaryň 10-sy emele geler. Toparçalaýyn bäsleşik alty tapgyrdan ybarat bolup, ol şu ýylyň 18-nji sentýabry bilen 13-nji dekabry aralygynda dowam eder. Toparlaryň hemmesi hem toparçalaýyn bäsleşikde üç duşuşygy öz meýdanynda, üç duşuşygy bolsa myhmançylykda geçirer.

Oraz­gel­di GEL­DI­ÝEW,
«Türk­men spor­ty».