AOG-niň Baş Assambleýasy

14 Iýul 2023
594

Türkmen wekiliýeti golaýda geçen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 42-nji Baş Assambleýasyna gatnaşdy. Tailandyň Bangkok şäherinde geçen Baş Assambleýanyň çäginde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidentiniň hem-de Ýerine ýetiriji komitetiniň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.

Onuň işi Milli Olimpiýa komitetleriň 45-siniň wekiliýetlerinden başga-da, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň we Halkara Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylarydyr wekilleriniň gatnaşmagynda geçdi. Şol ýerde bolan milli wekiliýete Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň baş kätibi Ata Akmämmedow agzalyk etdi.