Türkmenistan – sport ýurdy

7 Iýul 2023
383

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk baýramyna uly üstünlikler, berkararlygymyzyň binýadyny barha berkidýän ösüşler bilen barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň Ýer ýüzünde sport ýurdy hökmünde ykrar edilmegine getiren belent abraýy bu ugurda amala aşyrylýan beýik işleriň netijesinde täze belentliklere göterilýär. Türkmen türgenleriniň ýurdumyzyň sport abraýyny pugtalandyrmak babatda edýän tagallalary hem öz ajaýyp miwesini berýär.

Muny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Biziň ýurdumyz diňe bir iri halkara sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşmak bilen çäklenmän, eýsem, iri halkara ýaryşlary geçirmäge mümkinçiligi bar bolan döwlet hasaplanýar. Geçen döwrüň içinde Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesinde iri halkara ýaryşlaryň geçirilmegi Türkmenistanyň sport ýurduna öwrülendigine aýdyň şaýatlyk etdi. Ginnesiň rekordlar kitabynda iki sany desgasy orun alan Olimpiýa şäherçesinde 40-dan gowrak dürli desga bolup, olarda türkmen türgenleriniň türgenleşmekleri üçin ähli şertler döredilendir. Halkara ýaryşlara işjeň gatnaşýan türkmen türgenleriniň gazanýan üstünlikleri we ýeňişleri bu ulgamda durmuşa geçirilýän strategiýanyň netijelidiginiň aýdyň subutnamasydyr» diýen dürdäne sözleri hem aňryýany bilen tassyklaýar.

«Türkmen sporty».