2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynyň bije çekişlik dabarasy 27-nji iýulda Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň merkezi edarasynyň ýerleşýän ýeri bolan Kuala-Lumpur şäherinde geçiriler.
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hem dünýä çempionaty-2026-nyň saýlama tapgyryna gatnaşýandygyny ýatladýarys. Ýygyndy toparymyzyň garşydaşlary geçiriljek bije çekişlikden soň belli bolar.