Taryhda şu gün

14 Iýul 2023
472

Öz döwrüniň adygan futbolçysy hökmünde tanalan Enrike Guaýteniň doglan güni şu gün bilen senelenýär. 1910-njy ýylyň 15-nji iýulynda Argentinanyň Nogae şäherinde doglan Enrike Italiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde çykyş eden az sanly argentinaly futbolçylaryň hataryna girýär.

Ol 1934-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynda Italiýanyň milli ýygyndysy bilen ýeňiş gazanmagy başarýar. Karýerasynyň agramly bölegini «Roma» toparynda geçiren bu hüjümçi 1934/35 -nji ýyllaryň futbol möwsüminde Italiýanyň çempionatynyň iň köp top geçiren futbolçysy bolmagy başarýar. Karýerasynyň soňky ýyllaryny Argentinanyň «Rasing» hem-de «Estudiantes» toparlarynda geçiren Enrike bu ýurduň ýygyndy topary bilen 1937-nji ýylda Günorta Amerikanyň çempionatynyň (1937-nji ýyl) ýeňijisi bolýar.

Döw­let ATA­ŞEW,
«Türk­men spor­ty»