Üstünlige beslenen aý

7 Iýul 2023
427

Tamamlanan aý Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň türgenleri üçin diýseň ajaýyp netijelere beslendi.

5 – 11-nji iýun aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen sambo hem-de söweş sambosy boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň çempionatynda 5 medalyň gazanylmagy bilen başlanan üstünlikli ýol soňlugy bilen jiu-jitsudan Almatydaky möhüm synaga uzap gitdi. Şol Aziýa çempionatynda jiu-jitsu boýunça türkmenistanly ussatlar jemi 31 medala eýelik etdiler. Şolaryň 22-si müdirligimiziň türgenlerine degişlidir. Olaryň ählisiniň Rüstem Imamgulyýewiň şägirtleridigini hem bellemelidiris. Bu netijeler Saýara Awezmetowa (50 kg), Aýsoltan Garçowowa (70 kg-den ýokary agram), Jelilmuhammet Hojamyradow (77 kg), Ahmet Taňryberdiýew (63 kg), Isa Kasymow (70 kg), Kaýumberdi Döwletow (80 kg), Yslam Öwezow we Muhammedaly Gurbanow (ikisi-de 65 kg), Musa Kasymow (52 kg) hem-de Rüstem Imamgulyýew (92 kg-den ýokary agram) tarapyndan gazanyldy. Bu türgenleriň birnäçesiniň 2 ýa-da 3 medal gazanmagyň hötdesinden gelendigine hem ünsi çekmelidiris.

Keman ATAMYRADOW,
Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 6-njy sport mekdebiniň müdiri.