Möhüm ähmiýetli çäre

7 Iýul 2023
375

Sişenbe güni paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň çäginde ýerleşýän Sportuň oýun görnüşleriniň toplumynda Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Içeri işler ministrligi hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde guramagynda neşekeşlige we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmegiň Bütindünýä güni mynasybetli geçirilen çäre diýseň ähmiýetli boldy. Oňa ýaşlaryň köp sanlysy gatnaşdy.

Bu çäräniň baş maksady ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň ähmiýetini giňden wagyz etmekden, bedenterbiýäniň we sportuň meşhurlygyny artdyrmakdan, parahatçylygyň hem-de gender deňliginiň many-mazmunyny şöhlelendirmekden ybaratdyr.

Rahat SAMATOW,
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň bedenterbiýe we köpçülikleýin sport çäreleri bölüminiň başlygynyň orunbasary, komitetiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.