"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Sag­dyn­ly­gyň hem ruhubelentligiň ýoly

«Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni, Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni, spor­ty ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýä­ris. Bu ugur­da mil­li mak­sat­na­ma­la­ry­my­zy, top­lum­la­ýyn öz­gert­me­le­ri­mi­zi üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýä­ris. Aý­ra­tyn-da, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek ýa­ly, hal­ky­my­zyň ga­dym­dan gel­ýän ýö­rel­ge­le­ri­ni my­na­syp do­wam et­dir­ýä­ris. Sport we be­den­ter­bi­ýe dö­re­di­ji­lik baş­lan­gyç­la­ry­ny, ola­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge bo­lan mak­sa­da ok­gun­ly­ly­gy hö­wes­len­dir­ýän sag­dyn­ly­gyň hem-de güý­jüň esa­sy çeş­me­si­dir» di­ýip nyg­ta­ýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň pa­ra­sat­ly ýol­baş­çy­ly­gyn­da aja­ýyp za­ma­na­myz­da jem­gy­ýe­ti­miz­de köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ro­waç­lan­dyr­mak, sport ul­ga­my­ny ös­dür­mek döw­let sy­ýa­sa­tyn­da he­mi­şe esa­sy üns be­ril­ýän ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Be­den­ter­bi­ýe hem-de sport ul­gam­la­ry­ny ös­dür­mek we ka­da­laş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, ýur­du­myz­da kä­mil ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­nyň dö­re­di­len­di­gini hem aý­ra­tyn bellemelidiris. Bu ugur­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän oňyn öz­gert­me­ler, mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­ler Esa­sy Ka­nu­ny­myz bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­syn­da, ýur­du­my­

Ýaş­lar – Wa­tan buý­san­jy

Ar­ka­dag­ly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» at­ly tä­ze ki­ta­by­ny hal­ky­my­za sow­gat et­me­gi buý­sanç­ly ba­şy­my­zy gö­ge ýe­tir­di. Ol bi­ziň her bi­ri­miz üçin aja­ýyp sow­gat bol­dy. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz tä­ze ki­ta­byn­da: «Yn­sa­nyň ab­raý-mer­te­be­si, ga­dyr-gym­ma­ty zäh­me­ti bi­len kes­git­le­nil­ýär. Be­ýik mak­sat­la­ra ýet­mek üçin her bir ýaş yn­san zäh­me­ti baý­dak edin­me­li­dir» di­ýip bel­le­ýär. Be­lent ynam bi­len nyg­ta­lan bu çuň ma­ny­ly jüm­le­ler ne­sil­le­ri­mi­ziň mer­da­na pe­der­le­ri­mi­ziň wa­tan­sö­ýü­ji­lik, mert­lik, gaý­duw­syz­lyk, ru­hu­be­lent­lik, zäh­met­sö­ýer­lik ýa­ly ýol-ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­ýän ýaş­lar bo­lup ýe­tiş­me­li­di­gi­ni aň­lad­ýar. Se­bä­bi Wa­tan­da söý­gi hem-de zäh­met bi­len bagt ta­pyl­ýar, yh­las my­ra­dy­na go­wuş­ýar, üs­tün­lik­ler tä­ze-tä­ze sep­git­le­re ruhlandyrýar.

Arkadag şäheri – nusgalyk şäher

«Geljegiň şäheri adyny alan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özygtyýarlylygynyň, onuň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň, durmuş ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr» diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar. Geljegiň şäherini has-da ösdürmek boýunça häzirki wagtda alnyp barylýan işler ýurdumyzda adamlaryň bagtyýar, eşretli, sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilmeginiň döwlet syýasatynda hemişe esasy orundadygynyň güwäsidir. Bilşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň 6-njy iýunynda geçiren iş maslahatynda tebigatyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň çägindäki arassa dag çeşmeleriniň ynsan saglygy üçin ýaramlydygyny, ösýän tebigy ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerine eýedigini aýratyn belläp geçdi. Şeýle-de, bu ugurda ylmy işleriň alnyp barylmagynyň, daşary ýurtlaryň ösen tejribesiniň işjeň ulanylmagynyň möhüm wezipe bolup durýandygyna aýratyn ünsi çekdi. Milli Liderimiz türkmen lukmanlarynyň we bu ugur boýunça iş alyp barýan alymlaryň degişli ylmy-seljeriş işlerini geçirmekleriniň zerurdygyny aýdyp, olaryň netijeleri boýunça dermanlyk serişdelerini, lukmançylyk önümlerini öndürmek boýunça halkara bäsleşigiň geçiri

Türk­me­nis­tan – ÝU­NES­KO: sport ul­ga­myn­da­ hyz­mat­daş­lyk ös­dü­ril­ýär

Ýur­du­myz­da umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň ha­zy­na­sy­na ägirt uly go­şant go­şan hal­ky­my­zyň me­de­ni we ru­hy mi­ra­sy­ny go­rap sak­la­mak, baý­laş­dyr­mak, ony dün­ýä­de giň­den wa­gyz et­mek bo­ýun­ça uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu ýö­rel­ge Wa­ta­ny­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň we da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şun­da döw­le­ta­ra de­re­je­de bol­şy ýa­ly, ab­raý­ly hal­ka­ra dü­züm­le­riň, şol san­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne hem aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Ýur­du­myz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet ba­ra­da­ky gu­ra­ma­sy (ÝU­NES­KO) bi­len 1993-nji ýyl­dan bä­ri öza­ra ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­la­ry alyp bar­ýar. Ge­çen dö­wür­de bu ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma bi­len ta­ry­hy hem-de me­de­ni mi­ra­sy go­ra­mak­da, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy dün­ýä ýaý­mak­da, bi­lim we ylym ba­bat­da bir­nä­çe tas­la­ma­lar üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­dy. 2023-nji ýyl­da Türk­me­nis­ta­nyň 2023 –

Şan-şöh­rat­ly be­dew­ler

Mer­da­na hal­ky­myz mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy go­rap, aýap, kä­mil­leş­di­rip, ola­ry asyr­lar­dan-asyr­la­ra, ne­sil­ler­den-ne­sil­le­re ge­çi­rip ge­lip­dir. Ata-ba­ba­la­ry­myz­dan gel­ýän şol aja­ýyp ýö­rel­ge Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz ta­ra­pyn­dan my­na­syp do­wam et­di­ril­ýär. Mu­ny «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň il­kin­ji gün­le­rin­de Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Ar­ka­dag şä­he­ri­niň tä­ze at­ha­na top­lu­my­na ba­ryp, ol ýer­de iş­le­riň bar­şy, ide­dil­ýän be­hiş­di be­dew­le­riň ýag­daý­la­ry bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­ma­gy, Han­beg at­ly be­de­we at­la­nyp, ge­zim et­me­gi hem bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len su­but et­di. Ahal­te­ke at­çy­lyk sun­ga­ty­nyň we at­la­ry be­ze­mek däp­le­ri­niň ÝU­NES­KO-nyň Adam­za­dyň mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­me­gi-de ýel­den ýüw­rük ga­myş­gu­lak be­dew­le­ri­mi­ziň şan-şöh­ra­ty­nyň bar­ha beý­gel­ýän­di­gi­niň gü­wä­si bo­lup da­ba­ra­lan­dy. El­bet­de, şeý­le aja­ýyp dö­wür­de be­dew at­la­ry­myz­da­ky reňk­ler ba­ra­da bil­mek hem gy­zyk­ly bol­sa ge­rek. At­la­ryň reňk­le­ri ola­ry bir-bi­rin­den ta­pa­wut­lan­dyr­ýan esa­sy ala­mat­la­r­dyr. Reňk­le­riň ne­sil­den-nes­le geç­ýän­di­gi se­bäp­li, olar bel­li bir de­re­je­de at­la­ryň to­hu­my­ny we ge­lip çy­ky­şy­ny

Ala­baý – milli guwanjymyz

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­men ala­ba­ýy» at­ly aja­ýyp ese­rin­dä­ki: «Ata-ba­ba­la­ry­myz be­de­win­de my­ra­dy­ny, mil­li seç­gi­çi­li­giň aja­ýyp nus­ga­sy bo­lan ala­baý­la­ry­myz­da bol­sa, bag­ty­ny gö­rüp­dir­ler» di­ýen dür­dä­ne jüm­le­le­ri pe­der­le­ri­mi­ziň müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da be­de­wi­ne, ala­ba­ýy­na go­ýan sar­pa­sy­nyň, hor­ma­ty­nyň, ola­ryň dur­muş­da­ky ga­dyr-gym­ma­ty­nyň örän ýo­ka­ry bo­lan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de bu hor­mat-sar­pa has uly be­lent­lik­le­re gö­te­ril­di. Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 20-nji ýan­war­da Ar­ka­dag şä­he­rin­de ge­çi­ren iş mas­la­ha­ty­nyň do­wa­myn­da şu ýy­lyň 15—17-nji ýan­wa­ryn­da Ka­zan şä­he­rin­de ge­çi­ri­len «Mer­ke­zi Azi­ýa ow­çar­ka­sy» de­re­je­si bo­ýun­ça Rus­si­ýa­nyň Ki­no­lo­gi­ýa fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň çem­pio­na­tyn­da Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­ta­ny Rus­tam Min­ni­ha­no­wa sow­gat ber­len Ak­dost at­ly türk­men ala­ba­ýy­nyň iki ugur bo­ýun­ça, ýag­ny aras­sa gan­ly­ly­gy we owa­dan­ly­gy, şeý­le hem buý­ru­gy ber­jaý et­mek­de düş­bü­li­gi we üns­lü­li­gi bo­ýun­ça Rus­si­ýa­nyň çem­pio­ny bo­lan­dy­gy­ny aý­dyp, türk­men ala­ba­ýy­nyň bäs­le­şik­ler­de my­na­syp bo­lan gü­wä­na­ma­la­ry­ny Hal­ka­ra «Türk­men ala­baý it­le­ri» as­so­sia­si­ýa­sy­nyň hem-de Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­ny

Tä­ze ýe­ňiş­le­re ruh­lan­dy­ran sow­gat

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri si­ziň öňü­ňiz­de sport üs­tün­lik­le­ri­niň tä­ze ga­py­sy­ny aç­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, ýur­du­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny art­dyr­mak, il­kin­ji no­bat­da, si­ziň pa­ýy­ňy­za düş­ýär. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň mer­da­na we ýe­ňiş­li ýol­la­ry­ny my­na­syp do­wam et­di­rip, siz türk­men tür­gen­le­ri­niň sport us­sat­ly­gy­ny hal­ka­ra ýa­ryş­la­ra gat­na­şyp, me­dal­la­ry ga­zan­mak ar­ka­ly su­but et­me­li­si­ňiz. Dür­li ýa­ryş­lar­da aja­ýyp ne­ti­je­le­ri ga­zan­mak bi­len, eziz Wa­ta­ny­my­zyň baý­da­gy­ny al-as­man­da par­la­dyp, Türk­me­nis­ta­nyň ab­raý-mer­te­be­si­ni go­ra­jak­dy­gy­ňy­za berk ynan­ýa­ryn» di­ýip, mer­da­na tür­gen­le­ri­mi­ze ýüz­le­nip aý­dan söz­le­ri bu gün ola­ryň her bi­ri­ni tä­ze-tä­ze ýe­ňiş­le­re ruh­lan­dyr­ýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öz­le­ri­ne bil­dir­ýän be­lent yna­my­ny öde­mek üçin yh­la­sy­ny, ukyp-ba­şar­ny­gy­ny, ze­hi­ni­ni aýa­ma­ýan tür­gen­le­riň bol­sa ýur­du­my­zyň çar kün­je­gin­de müň­ler­çe­si bar. Şo­la­ryň bi­ri-de Bal­ka­na­bat şä­he­ri­niň ýa­şaý­jy­sy Rus­tam Gu­seý­now­dyr. Rus­tam hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat we gur­lu­şyk önüm­çi­li­gi mi­nistr­li­gi­niň Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän «Bal­kan kän» mü­dir­li­gi­niň Ba­leý­şem önüm­çi­lik meý­dan­ça­syn­da keb­şir­leý­ji bo­lup zä

Fe­de­ra­si­ýa­­nyň açyk bi­rin­ji­li­gi

Ýa­kyn­da paý­tag­ty­myz­da­ MMA (ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty) bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Han­mu­do sö­weş sun­ga­ty fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň açyk bi­rin­ji­li­gi ge­çi­ril­di. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýy­ly my­na­sy­bet­li gu­ra­lan açyk bi­rin­ji­li­gi­ň baş baý­ra­gy ug­run­da paý­tag­ty­my­za, Ahal hem-de Le­bap we­la­ýat­la­ry­na we­kil­çi­lik eden tür­gen­le­riň 200-e go­la­ýy bäs­leş­di. Üç ýaş ara­ta­pa­wu­dy­ny öz içi­ne alan bi­rin­ji­lik­de uly ýaş­ly tür­gen­le­riň ara­syn­da­ky du­şu­şyk­la­ryň wagt çäk­li­li­gi bäş mi­nu­ta deň bol­dy. Ýet­gin­jek­le­riň ring­de ge­çi­ren wagt­la­ry dör­t minut bolsa, spor­tuň ba­şa-baş sun­ga­ty gör­nü­şi­niň has kör­pe­je we­kil­le­ri­ne ýe­ňi­ji­ni kes­git­le­mek üçin üç mi­nut wagt be­ril­di. Ge­çi­ri­len du­şu­şyk­la­ryň ne­ti­je­sin­de to­par­la­ýyn bäs­le­şik­de paý­tag­ty­my­zyň ýy­gyn­dy­sy öňe saý­lan­dy. Paý­tagt­ly tür­gen­le­ri bu ýa­ry­şa tej­ri­be­li tä­lim­çi­ler Oraz­gel­di Oraz­gel­di­ýe­wiň, Hak­ber­di Şa­gu­ly­ýe­wiň hem-de Şöh­rat Öwe­zo­wyň taý­ýar­lan­dyk­la­ry­ny bel­le­mek ge­rek. Gur­ban Öwez­gel­di­ýe­wiň, Eş­ret Gy­ly­je­wiň hem-de Hal­na­zar Me­re­da­ly­ýe­wiň tä­lim­çi­li­gin­dä­ki Ahal we­la­ýa­ty­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry ýa­ry­şy ikin­ji orun­da ta­mam­la­dy. Le­bap we­la­ýa­ty­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň çy­ky­şy bol­sa (tä­lim­çi­si Şöh­rat Al­la­ýew) üçün­ji orun bi­len ta­mam­lan­dy.

Şowly ýylyň ilkinji ädimleri

Ilkinji ýaryşlara ýeňişler bilen başlamagyny özi üçin şol ýylyň uly üstünliklere beslenjekdiginiň nyşany hökmünde kabul edýän MMA söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşi boýunça 2017-nji hem-de 2019-njy ýyllaryň dünýä çempiony Şöhrat Orazgeldiýew üçin «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hem netijeli boljakdygyna ikirjiňlenmese bolar. Çünki ol ýylyň ilkinji bäsleşiklerine uly üstünlikler bilen başlady. Zehinli ýigit ýanwar aýynda ýurdumyzda geçirilen ýaryşlarda ajaýyp netijeleri görkezdi. Köptaraply zehin 22 – 25-nji ýanwar aralygynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli guralan sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşdy. Şöhrat bu ýaryşlarda ýeňil atletika boýunça bäsleşdi. Onuň üstünlikli çykyş eden görnüşleriniň biri hem 4x100 estafeta ylgawy boýunça guralan bäsleşik boldy. Öz ylgamaly nobatynda her gezek garşydaşlaryndan öň gelen zehinli türgen çykyş edýän toparynyň ikinji orny eýelemegine uly goşant goşdy. Ezber türgen bu ýerde guralan beýleki bäsleşiklerde hem uly üstünlige eýe boldy. Bu ýaryşda Şöhradyň wekilçilik edýän topary – Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýygyndysy 8 altyn, 2 kümüş hem-de 14 bürünç medal bilen ikinji orna mynasyp boldy. Şeýlelikde, IIM-niň «Galkan» sport merkeziniň müdiri Rüstem Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky topar ýörite Kuboga eýe boldy.

Bedenterbiýe we sport

2006-2007-nji ýyl­lar­da dog­lan­la­ryň ara­syn­da boks bo­ýun­ça Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň bi­rin­ji­li­gi ug­run­da ýa­ryş ge­çi­ril­di. Da­şo­guz şä­he­ri­niň 5-nji sport mek­de­bin­de gu­ra­lan bäs­le­şige Bol­dum­saz et­ra­by­nyň Gu­ba­dag şä­he­ri­niň, Şa­bat et­ra­by­nyň, Da­şo­guz şä­he­ri­niň ýy­gyn­dy to­par­la­ry gat­naş­dy­lar. Bi­rin­ji­li­giň ne­ti­je­sin­de Da­şo­guz şä­he­ri­niň ýy­gyn­dy to­pa­ry umu­my ha­sap­da bi­rin­ji or­ny eýe­le­di. Ikin­ji, üçün­ji orun­lar­da de­giş­li­lik­de Bol­dum­saz hem-de Şa­bat et­rap­la­ry­nyň ýy­gyn­dy to­par­la­ry or­naş­dy­lar. Bäs­le­şik­de ýe­ňiş ga­za­nan boks­çu­la­ra Dä­de­baý Gel­di­na­za­row, Ata­bek Ha­ýi­tow, Ber­ko­mal Ýol­da­şow, Alym­baý Sa­bu­row, Aman Hu­da­ber­ge­now, Ik­ram Se­ýi­dow ýa­ly tej­ri­be­li tä­lim­çi-mu­gal­lym­la­ryň ha­ly­pa­lyk eden­dik­le­ri­ni bel­le­mek ge­rek.

Sport sagdynlygyň gözbaşy

Aş­ga­ba­dyň dok­ma top­lu­mynda hem ýur­du­myz­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni giň­den or­naş­dyr­mak, türk­men spor­tu­nyň ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­ter­mek, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport we sa­gal­dyş çä­re­le­ri­ni ýaý­baň­lan­dyr­mak bo­ýun­ça äh­mi­ýet­li iş­le­r dur­mu­şa ge­çir­ilýär. Köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport we sa­gal­dyş çä­re­le­ri­ni ýaý­baň­lan­dyr­mak, ýaş nes­liň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­me­gi­ni ga­zan­mak mak­sa­dy bi­len, Aş­ga­ba­dyň dok­ma top­lu­my­nyň mej­lis­ler za­lyn­da ýaş­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da «Sport – sag­dyn­ly­gyň göz­ba­şy» di­ýen at bi­len ge­çi­ri­len yl­my-ama­ly mas­la­hat hem bu ha­ky­ka­tyň be­ýa­ny­na öw­rül­di.

Çe­ke­le­şik­li bäsleşik

Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň Küşt fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň Ýö­ri­te­leş­di­ri­len küşt we şaş­ka mek­de­bin­de 20 ýa­şa çen­li og­lan-gyz­la­ryň ara­syn­da küşt bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň bi­rin­ji­li­gi ge­çi­ril­di. Küşt spor­tu­ny wa­gyz et­mek hem-de ýaş­lar ýy­gyn­dy to­par­la­ry­na my­na­syp tür­gen­le­ri saý­lap al­mak mak­sa­dy bi­len ge­çi­ri­len ýa­ryş­lar çe­ke­le­şik­li hä­si­ýe­te eýe bol­dy.

Luk­man­lar bi­len du­şu­şyk

Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň Ýaş olim­pi­ýa­çy­la­ry taý­ýar­la­ýyş mek­de­bin­de Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Ta­lyp­lar sag­lyk öýi­niň we­kil­le­ri bi­len du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Du­şu­şy­gy mek­de­biň di­rek­to­ry Ö.Ata­ly­ýew açyp, wa­gyz-ne­si­hat äh­mi­ýet­li çä­rä­niň gün ter­ti­bi­ni mä­lim et­di. Ol hormatly Prezidentimiziň tab­şy­ryk­la­ry­ny hem-de öň­de go­ýan mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek­de al­nyp ba­ryl­ýan äh­mi­ýet­li iş­le­riň ma­ny-maz­mu­ny­na ün­si çek­di.

Süýt önüm­le­ri­niň peý­da­sy

Tür­gen­le­riň, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­ýän­le­riň ka­da­ly iý­mit sa­na­wyn­da süýt önüm­le­ri­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Çün­ki bu önüm­ler kal­si­niň, be­lok­la­ryň, wi­ta­min­le­riň köp bö­le­gi­ni özün­de jem­läp, iý­mit siň­di­ri­ji­lik gym­ma­ty bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Tür­gen­le­re tür­gen­le­şik iş­le­ri­niň äh­li dö­wür­le­rin­de süýt önüm­le­rin­den peý­da­lan­mak maslahat be­ril­ýär. Süýt, aý­ra­tyn-da, agyr at­le­ti­ka ýa­ly, köp güý­ji we zäh­me­ti ta­lap ed­ýän sport gör­nüş­le­rin­de myş­sa do­ku­ma­la­ry­nyň di­kel­dil­me­gin­de äh­mi­ýet­li­dir. Ol dü­zü­min­de ka­li­niň hem-de nat­ri­niň köp­dü­gi­niň ne­ti­je­sin­de or­ga­niz­miň ne­mi­niň gu­ra­ma­gy­nyň, tür­ge­niň ajyk­ma­gy­nyň öňü­ni al­ýar, ar­tyk­maç ýag­lar­dan sap­lan­ma­ga ýar­dam ber­ýär.

Suw ýodalarynda

Paýtagtymyzdaky Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumy ösüp gelýän ýaş nesliň uly höwes bilen gatnaýan ýeridir. Toplumda ýaşlar sportuň erkin usul, brass, baterflýaý, arkanlygyna ýüzmek ýaly görnüşleri boýunça türgenleşip, paýtagtymyz we döwlet derejelerinde geçirilýän ýaryşlarda üstünlikli çykyşlary bilen begendirýärler. Bu ýere gatnaýan ýaş türgenleriň arasynda ýörite tassyklanylan maksatnamalar we meýilnamalar esasynda yzygiderli amaly sapaklar hem-de türgenleşikler guralýar we bu sapaklaryň, türgenleşikleriň netijesini ýüze çykarmak maksady bilen dürli ýaryşlar geçirilýär. Muňa ýakynda Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumyna gatnaýan ýaş türgenleriň arasynda «Sagdyn bedenli ýaşlar ýurdumyzyň aýdyň geljegidir» diýen at bilen geçirilen ýaryş hem aýdyň mysaldyr. Bu ýaryşda dürli ýaşdaky türgenler suwda ýüzmegiň görnüşleri boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. 50 mert aralyga erkin usulda ýüzmekde tälimçi Bezirgen Annaýewiň şägirdi Bezirgen Rejepow ýeňiji boldy. Arzuw Ahmedow (tälimçisi Mähri Nurmuhammedowa) ikinji, Dawut Nurmuhammedow (tälimçisi Muhammet Annamuhammedow) üçünji orunlary eýelediler. Brass görnüşinde 50 metr aralygy Rüstem Merişew (tälimçisi Arslan Merişew) ilkinji bolup geçdi. Hezret Tejenow (tälimçisi Mähri Nurmuhammedowa) ikinji, Nurgeldi Ataýew (tälimçisi Batyr Agabaýew) üçünji netije görkezdi. Bu aralykda baterflýaýda Keril Sewinýan (tälimçisi

Taryhda şu gün

Top bilen oýnalýan hokkeý boýunça 2013-nji ýylda Şwesiýada guralan dünýä çempionatynyň final duşuşygy şu güne gabat geldi. Wenersborg şäherinde geçirilen duşuşykda ýer eýeleri bilen Russiýanyň milli ýygyndysy duşuşdy. Bu duşuşykda 4:3 hasabynda üstün çykan russiýaly hokkeýçiler ýedinji gezek dünýä çempiony diýen ada mynasyp boldular. Mundan öňki dünýä birinjiliginde hem hut şu iki milli ýygyndynyň duşuşandygyny bellemek gerek. Şol gezekki final 5:4 hasabynda şwedleriň peýdasyna tamamlanypdy.

Welaýatlardan habarlar

Sarahs etrabynyň medeniýet öýünde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanyp maslahat geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de işjeň agzalary, şäher we oba geňeşlikleriniň arçynlary, önümçiligiň öňdebaryjylary, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. Etrap häkimligi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan maslahatda edilen çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň bedew batly ösüşleri bilen täze belentliklere çykýandygy, şan-şöhratynyň arşa göterilýändigi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň sazlaşykly ýokarlanýandygy, toýlarymyzyň toýlara ulaşýandygy barada täsirli gürrüň edildi. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýändigi bilen baglylykda şu ýylda etrabyň çäginde geçirilýän çäreleriň netijeliligini gazanmagyň möhümdigi barada aýdylanlar gyzgyn goldaw tapdy. Maslahata gatnaşyjylar berkarar Watanymyzy gülledip ösdürmekde, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmakda taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýangyndan ägä boluň!

- Ýyladyş möwsüminiň dowamynda ýyladyş peçleriniň saz-işjeň ýagdaýdadygyny barlap, olary gurumdan öz wagtynda arassalamaly; - Peçlere barýan gaz geçirijiler polat demir turbalar arkaly çekilmeli;

Milli mirasymyzyň şöhraty dünýä dolýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy öwrenmäge, goramaga aýratyn uly üns berlip, milli gymmatlyklarymyzyň dünýä ýaýylmagy üçin taýsyz tagallalar edilýär. Bu buýsandyryjy hakykata 20-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherinde bolmagynyň barşynda hem bütin aýdyňlygy bilen göz ýetirdik. «Biziň halkymyzyň durmuşynda ýelden ýüwrük gamyşgulak bedewlerimiz we edermen alabaýlarymyz aýratyn orun eýeleýärler. Dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşysy hasaplanylýan ahalteke bedewlerimiz bilen bir hatarda dünýäniň iň gadymy itleriniň biri bolan türkmen alabaýy halkymyzyň genji-hazynasydyr we milli mirasydyr» diýip nygtaýan Gahryman Arkadagymyz şol gün Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna bardy. Milli Liderimiz bu ýerde behişdi bedewi bilen didarlaşyp, gezelenç etdi hem-de täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň şekil taslamalary, käbir desgalaryň bezeg işleri, düzümleýin desgalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň – atyňy» diýen paýhasly jümlä eýerip, täze athana toplumynda idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy.

Sport sagdynlygyň gözbaşy

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim al­ma­gy, sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy we saý­lap alan ugur­la­ryn­da kä­mil­leş­me­gi ba­bat­da giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ýaş ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, netijeli iş­ler durmuşa ge­çi­ril­ýär. Be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň ösen dü­züm­le­ri­ni dö­ret­mek­de çalt dep­gin­li öz­gert­me­le­riň ama­la aşy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­nyň ge­çi­ril­ýän me­ka­ny­na öw­rül­di. Sport ul­ga­my­nyň hal­ka­ra de­re­je­sin­de ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi onuň döw­re­bap hu­kuk esas­la­ry­nyň ber­ki­dil­me­gi bi­len şert­len­di­ril­ýär. Sag­dyn­ly­gyň gi­re­wi bo­lan, şah­sy­ýe­ti ter­bi­ýe­le­mä­ge gö­nük­di­ri­len sport ul­ga­my­nyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy Esa­sy Ka­nu­ny­myz­da döw­le­ti­mi­ziň sport ba­bat­da ýar­dam ed­ýän­di­gi­ni kes­git­le­ýän ka­da­lar­dan göz­baş al­ýar. «Be­den­ter­bi­ýe we sport ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny hem jem­gy­ýe­ti­miz­de ila­tyň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ke­ma­la ge­tir­me­gi, ra­ýat­la­ryň be­den­ter­bi­ýe hem-de sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gy­ny, ola­ryň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek­de be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da