Şowly ýylyň ilkinji ädimleri

2 Fewral 2024
317

Ilkinji ýaryşlara ýeňişler bilen başlamagyny özi üçin şol ýylyň uly üstünliklere beslenjekdiginiň nyşany hökmünde kabul edýän MMA söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşi boýunça 2017-nji hem-de 2019-njy ýyllaryň dünýä çempiony Şöhrat Orazgeldiýew üçin «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň hem netijeli boljakdygyna ikirjiňlenmese bolar. Çünki ol ýylyň ilkinji bäsleşiklerine uly üstünlikler bilen başlady. Zehinli ýigit ýanwar aýynda ýurdumyzda geçirilen ýaryşlarda ajaýyp netijeleri görkezdi.

Köptaraply zehin 22 – 25-nji ýanwar aralygynda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli guralan sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşdy. Şöhrat bu ýaryşlarda ýeňil atletika boýunça bäsleşdi. Onuň üstünlikli çykyş eden görnüşleriniň biri hem 4x100 estafeta ylgawy boýunça guralan bäsleşik boldy. Öz ylgamaly nobatynda her gezek garşydaşlaryndan öň gelen zehinli türgen çykyş edýän toparynyň ikinji orny eýelemegine uly goşant goşdy. Ezber türgen bu ýerde guralan beýleki bäsleşiklerde hem uly üstünlige eýe boldy. Bu ýaryşda Şöhradyň wekilçilik edýän topary – Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýygyndysy 8 altyn, 2 kümüş hem-de 14 bürünç medal bilen ikinji orna mynasyp boldy. Şeýlelikde, IIM-niň «Galkan» sport merkeziniň müdiri Rüstem Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky topar ýörite Kuboga eýe boldy.

Amanmyrat MYRADOW.