«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe köpçülikleýin bedenterbiýäni, Olimpiýa hereketini, sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Bu ugurda milli maksatnamalarymyzy, toplumlaýyn özgertmelerimizi üstünlikli durmuşa geçirýäris. Aýratyn-da, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýaly, halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýäris. Sport we bedenterbiýe döredijilik başlangyçlaryny, olary durmuşa geçirmäge bolan maksada okgunlylygy höweslendirýän sagdynlygyň hem-de güýjüň esasy çeşmesidir» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ajaýyp zamanamyzda jemgyýetimizde köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini rowaçlandyrmak, sport ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynda hemişe esasy üns berilýän ugurlaryň biri bolup durýar. Bedenterbiýe hem-de sport ulgamlaryny ösdürmek we kadalaşdyrmak maksady bilen, ýurdumyzda kämil kanunçylyk binýadynyň döredilendigini hem aýratyn bellemelidiris. Bu ugurda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler, maksatnamalaýyn işler Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, ýurdumyzyň kanunlarynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda öz aýdyň beýanyny tapýar.
Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň 56-njy maddasynda: «Döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär» diýlip takyk kesgitlenilendir. Ine, şundan ugur alnyp, eziz Diýarymyzda sportuň berk hukuk binýatly ösen ulgamynyň döredilýändigi, türkmen sportunyň dünýä hil derejesinde kämilleşdirilýändigi döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr.