Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde Aşgabat şäheriniň Talyplar saglyk öýiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygy mekdebiň direktory Ö.Atalyýew açyp, wagyz-nesihat ähmiýetli çäräniň gün tertibini mälim etdi. Ol hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny hem-de öňde goýan maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde alnyp barylýan ähmiýetli işleriň many-mazmunyna ünsi çekdi.