Taryhda şu gün

2 Fewral 2024
283

Top bilen oýnalýan hokkeý boýunça 2013-nji ýylda Şwesiýada guralan dünýä çempionatynyň final duşuşygy şu güne gabat geldi. Wenersborg şäherinde geçirilen duşuşykda ýer eýeleri bilen Russiýanyň milli ýygyndysy duşuşdy.

Bu duşuşykda 4:3 hasabynda üstün çykan russiýaly hokkeýçiler ýedinji gezek dünýä çempiony diýen ada mynasyp boldular. Mundan öňki dünýä birinjiliginde hem hut şu iki milli ýygyndynyň duşuşandygyny bellemek gerek. Şol gezekki final 5:4 hasabynda şwedleriň peýdasyna tamamlanypdy.

Döwlet ATAŞOW,
«Türkmen sporty».