Ala­baý – milli guwanjymyz

2 Fewral 2024
289

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­men ala­ba­ýy» at­ly aja­ýyp ese­rin­dä­ki: «Ata-ba­ba­la­ry­myz be­de­win­de my­ra­dy­ny, mil­li seç­gi­çi­li­giň aja­ýyp nus­ga­sy bo­lan ala­baý­la­ry­myz­da bol­sa, bag­ty­ny gö­rüp­dir­ler» di­ýen dür­dä­ne jüm­le­le­ri pe­der­le­ri­mi­ziň müň­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da be­de­wi­ne, ala­ba­ýy­na go­ýan sar­pa­sy­nyň, hor­ma­ty­nyň, ola­ryň dur­muş­da­ky ga­dyr-gym­ma­ty­nyň örän ýo­ka­ry bo­lan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de bu hor­mat-sar­pa has uly be­lent­lik­le­re gö­te­ril­di.

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 20-nji ýan­war­da Ar­ka­dag şä­he­rin­de ge­çi­ren iş mas­la­ha­ty­nyň do­wa­myn­da şu ýy­lyň 15—17-nji ýan­wa­ryn­da Ka­zan şä­he­rin­de ge­çi­ri­len «Mer­ke­zi Azi­ýa ow­çar­ka­sy» de­re­je­si bo­ýun­ça Rus­si­ýa­nyň Ki­no­lo­gi­ýa fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň çem­pio­na­tyn­da Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­ta­ny Rus­tam Min­ni­ha­no­wa sow­gat ber­len Ak­dost at­ly türk­men ala­ba­ýy­nyň iki ugur bo­ýun­ça, ýag­ny aras­sa gan­ly­ly­gy we owa­dan­ly­gy, şeý­le hem buý­ru­gy ber­jaý et­mek­de düş­bü­li­gi we üns­lü­li­gi bo­ýun­ça Rus­si­ýa­nyň çem­pio­ny bo­lan­dy­gy­ny aý­dyp, türk­men ala­ba­ýy­nyň bäs­le­şik­ler­de my­na­syp bo­lan gü­wä­na­ma­la­ry­ny Hal­ka­ra «Türk­men ala­baý it­le­ri» as­so­sia­si­ýa­sy­nyň hem-de Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy­nyň wi­se-pre­zi­den­ti­ne da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şur­ma­gy hem-de hem­me­le­ri bu ýo­ka­ry de­re­je­li sy­lag­lar bi­len gut­la­ma­gy hem mu­nuň aý­dyň gü­wä­si bo­lup, kalp­la­ry­my­zy eg­sil­mez buý­san­ja bes­le­di.

Döw­let­gel­di MÄM­ME­DOW,
Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my.