Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly täze kitabyny halkymyza sowgat etmegi buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Ol biziň her birimiz üçin ajaýyp sowgat boldy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze kitabynda: «Ynsanyň abraý-mertebesi, gadyr-gymmaty zähmeti bilen kesgitlenilýär. Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir» diýip belleýär. Belent ynam bilen nygtalan bu çuň manyly jümleler nesillerimiziň merdana pederlerimiziň watansöýüjilik, mertlik, gaýduwsyzlyk, ruhubelentlik, zähmetsöýerlik ýaly ýol-ýörelgelerine eýerýän ýaşlar bolup ýetişmelidigini aňladýar. Sebäbi Watanda söýgi hem-de zähmet bilen bagt tapylýar, yhlas myradyna gowuşýar, üstünlikler täze-täze sepgitlere ruhlandyrýar.