Suw ýodalarynda

2 Fewral 2024
346

Paýtagtymyzdaky Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumy ösüp gelýän ýaş nesliň uly höwes bilen gatnaýan ýeridir. Toplumda ýaşlar sportuň erkin usul, brass, baterflýaý, arkanlygyna ýüzmek ýaly görnüşleri boýunça türgenleşip, paýtagtymyz we döwlet derejelerinde geçirilýän ýaryşlarda üstünlikli çykyşlary bilen begendirýärler.

Bu ýere gatnaýan ýaş türgenleriň arasynda ýörite tassyklanylan maksatnamalar we meýilnamalar esasynda yzygiderli amaly sapaklar hem-de türgenleşikler guralýar we bu sapaklaryň, türgenleşikleriň netijesini ýüze çykarmak maksady bilen dürli ýaryşlar geçirilýär. Muňa ýakynda Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumyna gatnaýan ýaş türgenleriň arasynda «Sagdyn bedenli ýaşlar ýurdumyzyň aýdyň geljegidir» diýen at bilen geçirilen ýaryş hem aýdyň mysaldyr. Bu ýaryşda dürli ýaşdaky türgenler suwda ýüzmegiň görnüşleri boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. 50 mert aralyga erkin usulda ýüzmekde tälimçi Bezirgen Annaýewiň şägirdi Bezirgen Rejepow ýeňiji boldy. Arzuw Ahmedow (tälimçisi Mähri Nurmuhammedowa) ikinji, Dawut Nurmuhammedow (tälimçisi Muhammet Annamuhammedow) üçünji orunlary eýelediler. Brass görnüşinde 50 metr aralygy Rüstem Merişew (tälimçisi Arslan Merişew) ilkinji bolup geçdi. Hezret Tejenow (tälimçisi Mähri Nurmuhammedowa) ikinji, Nurgeldi Ataýew (tälimçisi Batyr Agabaýew) üçünji netije görkezdi. Bu aralykda baterflýaýda Keril Sewinýan (tälimçisi Muhammet Annadurdyýew) ýeňiş gazandy. Şazada Atageldiýew ikinji, Ahmet Tuwakgylyjow (tälimçisi Mähri Nurmuhammedowa) üçünji orunlara mynasyp boldular.

Mergen AGABAÝEW,
Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumynyň maglumat tehnologiýalary boýunça baş hünärmeni.