Welaýatlardan habarlar

2 Fewral 2024
400

Sarahs etrabynyň medeniýet öýünde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanyp maslahat geçirildi. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de işjeň agzalary, şäher we oba geňeşlikleriniň arçynlary, önümçiligiň öňdebaryjylary, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. Etrap häkimligi we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan maslahatda edilen çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň bedew batly ösüşleri bilen täze belentliklere çykýandygy, şan-şöhratynyň arşa göterilýändigi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň sazlaşykly ýokarlanýandygy, toýlarymyzyň toýlara ulaşýandygy barada täsirli gürrüň edildi.

2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýändigi bilen baglylykda şu ýylda etrabyň çäginde geçirilýän çäreleriň netijeliligini gazanmagyň möhümdigi barada aýdylanlar gyzgyn goldaw tapdy. Maslahata gatnaşyjylar berkarar Watanymyzy gülledip ösdürmekde, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmakda taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.