"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Awa­za — sag­dyn­ly­gyň me­ka­ny

Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de eziz Di­ýa­ry­myz­da ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýe­rip, be­den­ter­bi­ýe­dir sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy üçin äh­li şert-müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan yn­san­per­wer sy­ýa­sat­da hal­ky­my­zyň sag­ly­gy döw­le­ti­mi­ziň hem-de jem­gy­ýe­ti­mi­ziň iň gym­mat­ly baý­ly­gy hök­mün­de kes­git­le­nen­dir. Çün­ki jem­gy­ýet sag­dyn bo­lan­da, döw­let hem gül­läp ös­ýär. Hä­zir­ki wagt­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­niň, spor­tuň, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň äh­li ul­gam­lar­da giň ge­ri­me eýe bol­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek ýa­kym­ly­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Ne­bit­gaz se­na­ga­ty top­lu­my­nyň iş­gär­le­ri­niň kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň ge­ňe­şi hem-de «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň ko­mi­te­ti ta­ra­pyn­dan ýa­kyn­da «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ge­çi­ri­len okuw-mas­la­ha­tyň bar­şyn­da hem mu­ňa aý­dyň göz ýe­ti­ril­di.

Bedew münen sag bolar

Gadymy grek akyldary Gippokrat: «At münüň, eziz watandaşlar, at ýaly sagdyn bolarsyňyz!» diýipdir. Şundan görnüşi ýaly, atly gezelenç etmegiň saglyga oňyn täsir edýändigi adamlara ir döwürlerden mälimdir. «At münmek arkaly bejeriş, bejeriji atly ýöriş» diýen manylary aňladýan ippoterapiýanyň keselden soň saglygy dikeltmekde hem-de köp keselleri bejermekde örän netijelidigi ykrar edilen hakykatdyr. Gippokrat at münmäge, çapmaga bedeniňi kadalaşdyrýan, immuniteti pugtalandyrýan, ýaşaýyş güýjüni beýgeldýän maşklaryň biri hökmünde baha beripdir. At münmegiň, ilkinji nobatda, oňurga gyşarmalarynda, hereket sazlaşygynyň bozulmalarynda üstünlikli ulanylýandygyny bellemelidiris. At münmek ýürek-damar, aşgazan-içege näsazlyklary, daýanç-hereket ulgamynyň keselleri we şikesleri, polimielit, prostatit, osteohondroz, skolioz, newroz ýaly sökellikleriň öňüni almakda örän peýdalydyr. Şeýle-de, ol horlanmaga, göwräni dik tutmaga, syratly bolmaga, özüňi arkaýyn duýmaga, işjeň, ünsli bolmaga, gaharjaňlykdan saplanmaga ýardam berýär.

Şanly ýylyň şygary

Tutuş ýylymyzyň döwürleriň hem-de nesilleriň ylham çeşmesine öwrülen Magtymguly Pyragy bilen baglanyşdyrylmagy bizi diýseň begendirdi. Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň awgustynda Milli Liderimiziň paýtagtymyz boýunça iş saparynyň çäklerinde Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynda alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanşanda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusyny okap bermegi buýsandyryjy waka boldy. Mälim bolşy ýaly, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Söz ussadynyň hormatyna geçirilýän çäreler halkara guramalaryň hem uly goldawyna eýe bolýar.

Il-ýurt bäh­bit­li be­ýik iş­le­riň ro­waç­lan­ýan döw­ri

«Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtaýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu tutumly işleriň ýokary depginlerde dowam etdirilýändigini buýsanç bilen bellemek gerek. Saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlarynda soňky ýyllarda gazanylan ösüşler ynsan saglygyny goramakda we jemgyýetimiziň sagdynlygyny berkitmekde dünýä nusgalyk özgertmeleriň amala aşyrylýandygyny görkezip, 2024-nji ýylyň ilkinji aýynda ýerine ýetirilen işler bolsa munuň dowamat-dowam bolýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. 16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hem bu wajyp mesele barada giňişleýin durlup geçildi. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan şu ýylyň ýanwarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenip, döwlet durmuşynyň käbir möhüm meselelerine garalan mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow gözegçilik edýän ulgamlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Röwşen ertirimiziň eýeleri

Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzda türkmen ýaşlarynyň mümkinçiliklerine ýokary baha berilýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty röwşen ertirimiziň eýeleri bolan ýaş nesliň köptaraply goraglylygyny üpjün edip, olaryň öňünde täze we ähmiýetli mümkinçilikleri açýar. Şol şert-mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan türkmen ýaşlary bolsa milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda çekýän halal zähmeti bilen Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Biziň zähmet çekýän bilim ojagymyzda — Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynda bilim alýan çagalardyr ýetginjekler hem öz saýlan ugurlary boýunça günsaýyn kämilleşýärler. Olar milli sungatymyzyň ösüşine öz saýlan ugurlary boýunýa şahsy goşantlaryny goşmagy başarýan ynsanlar bolup ýetişmegi arzuw edýärler. Mekdebimizde okaýan çagalaryň okuwlaryny bedenterbiýe we sport bilen utgaşykly alyp barmaklary üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilmegi bolsa olaryň diňe saýlan ugry boýunça ussatlyga tarap uzaýan ynamly ädimlerinden başga-da, sagdyn bedenli, ruhy taýdan kämil ynsanlar bolup ýetişmegini gazanmak ugrundaky tagallalaryň möhüm bölegidir. Çünki beden hem ruhy taýdan sagdynlyk her bir ynsanyň durmuşynyň özenidir, many-mazmunydyr.

Aýdym-saz we sport

Aýdym-sazlaryň sportda hem möhüm many-mazmuna eýedigini bellemek gerek. Çünki iri sport baýramçylyklarynyň hem-de dünýä çempionatlarynyň senasyna öwrülýän ajaýyp aýdymlar sportuň taryhyna ebedi girýär. Şol aýdymlaryň dünýäde uly meşhurlykdan peýdalanýan aýdymçylardyr sungat ussatlary tarapyndan ýerine ýetirilmegi bolsa şeýle wakalaryň ähmiýetini has-da artdyrýar. Iň uly sport baýramçylyklarynyň dabaraly açylyşlaryny hem aýdym-sazlaryň bezeýändigini bellemek gerek. Sport bäsleşikleriniň ýeňijileriniň hem sazlaryň astynda sylaglanýandygyny bilmeýän ýok bolsa gerek. Muny sazyň sport bilen özara baglanyşygyny emele getirýän aýratynlyk hökmünde häsiýetlendirse bolar. Sportuň oýun görnüşlerinden guralýan duşuşyklaryň başynda oýunçylaryň görüşýän pursatlarynda hem-de arakesmelerde sportuň şol görnüşini alamatlandyrýan sazlaryň ýaňlanmagy hem bu hakykaty subut etmek üçin ýeterlikdir. 

Sag­dyn jem­gy­ýet — ber­ka­rar döw­let

Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň abadançylygynda, döwletiň gülläp ösüşinde möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzda hem nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesliň beden we ruhy taýdan kämilligini gazanmak üçin köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi ösdürilýär. Bu ugurdaky döwlet syýasaty raýatlaryň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, beden we ruhy taýdan kämil nesli terbiýelemäge, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýän türgenleri taýýarlamaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işleri öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabyndaky: «Biz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris. Döwletimiziň bu asylly maksatlarynyň amala aşyrylmagynda sport esasy orunlaryň birini eýeleýär. Täze taryhy eýýamda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatary yzygiderli artýar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha rowaçlanýar. Munuň özi nesil sagdynlygyny gazanmakda ähmiýet berilmeli ýagdaýdyr» diýen jümlelerde ýurdumyzda işjeň ösdürilýän bedenterbiýe we sport hereketiniň baş maksady öz beýanyny tapýar.

Strategik hyzmatdaşlygyň gözýetimleri

Ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi döwletimiziň amala aşyrýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Türkmenistan bu gün ösen sport ulgamyna eýe bolan, dünýä derejesindäki ýaryşlary üstünlikli geçirmekde baý tejribe toplan, halkara sport hyzmatdaşlygy ulgamyna işjeň gatnaşýan ýurt hökmünde tanalýar. Şu wagta çenli döwletimiz sport ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça dürli hökümetara we pudagara derejedäki ylalaşyklaryň onlarçasyna gol çekişdi. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, ÝUNESKO, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi we beýleki abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Şeýle hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyz Olimpiýa nyşanlaryny gorap saklamak baradaky Naýrobi ylalaşygyna goşuldy, ÝUNESKO-nyň sportda doping serişdelerini ulanmaga garşy göreşi boýunça Halkara Konwensiýasyny tassyklady, Milli antidoping agentligini döretdi. Türkmenistan 2023 — 2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy.

Sport mekdeplerinde

Türkmenabat şäheriniň 1-nji sport mekdebinde 2008-nji ýylda doglan ýetginjekleriň arasynda futzal boýunça Lebap welaýatynyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa welaýatyň etraplaryndan, şäherlerinden toparlar gatnaşdy. Aýlaw görnüşinde guralan bäsleşik çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Şeýlelikde, ýaryşyň finalynda «Türkmenabat-2008» topary «Dänew» toparyndan 5:4 hasabynda üstün çykdy. «Türkmenabat-2009» we «Kerki» toparlary üçünji orna mynasyp boldular.

Ýaşlara uly ynamyň beýany

Eziz Diýarymyzda ýaşlar hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugruna öwrülmegi türkmen ýaşlarynyň mümkinçiliklerine berilýän ýokary bahanyň nyşanydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde täze öwüşgine eýe bolýan ýaşlar syýasaty röwşen ertirimiziň eýeleri bolan ýaş nesil üçin döredilýän giň şert-mümkinçilikleri, täze gözýetimleri, kämilligiň möhüm basgançaklaryny açýar. Ýaşlar bolsa özleri hakyndaky şeýle uly aladany duýup, beýik ynama mynasyp bolmaga, ýurdumyzyň dürli pudaklarynda zähmet çekip, Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşantlaryny goşmaga çalyşýarlar. Uly üstünlikler hem-de taryhy ýeňişler bilen taryha giren Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň netijeleri hem Watanymyzda ýaşlara bildirilýän belent ynamyň nyşanyna öwrüldi. Bu hakykat hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlaryna sowgat eden ajaýyp eserinde — «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda hem giňden beýan edilýär. Ýurdumyzyň tapawutlanan ýaşlarynyň sylaglanylmagy bolsa döwletimiziň ösüşinde ýaşlaryň ornuna berilýän ýokary bahany görkezdi. Şolaryň hatarynda beýleki ugurlardyr pudaklar bilen bir hatarda, halkara arenasynda gazanan ajaýyp üstünlikleri bilen Watanymyza şan getiren türgenleriň hem birnäçesiniň bolmagy ýaşlar bilen okgunly ösýän milli sportumyzyň aýdyň geljeginden nyşandyr.

Döwrebap hukuk özgertmeleri

Ýurdumyzyň kanunçylygyny döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmek döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Täze kanunlar Watanymyzy depginli ösdürmäge, kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesi esasynda amala aşyrylýan ähli oňyn başlangyçlaryň özeninde halk we umumadamzat bähbitleri göz öňünde tutulýar. Milli kanunçylygyň barha kämilleşdirilýän döwründe ähli ulgamlar bilen bir hatarda, hukuk ulgamyna hem sanly ulgam giňden ornaşdyrylýar. Munuň özi, bir tarapdan, döwletiň döwrebap hukuk ösüşini alamatlandyrsa, beýleki tarapdan, raýat hukuk gatnaşyklaryna gatnaşyjylaryň işlerini ep-esli ýeňilleşdirýär. Munuň aýdyň mysalyny sanly ulgamdan peýdalanmak arkaly dolandyryş önümçiliginiň amala aşyrylmagynda görmek bolýar.

Wekilçilikli halkara ýaryşy

Şu günler Russiýanyň Kazan şäherinde «Gelejegiň oýunlary» fidjital-sport halkara ýaryşy dowam edýär. Ilkinji gezek geçirilýän şeýle derejedäki bäsleşikde 100-den gowrak döwlete wekilçilik edýän toparlaryň 277-si kompýuterde, şol bir wagtda hem sport toplumlarynda güýç synanyşmaga mümkinçilik aldylar. Guramaçylaryň bellemeklerine görä, bu ýaryş ýaşlaryň sporta bolan höwesini täze derejä çykarar. Halkara ýaryşyna gatnaşýan ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň düzüminiň Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetine wekilçilik edýän talyp deň-duşlarymyzyň 14-sinden hem-de 1 tälimçi-mugallymdan (Sähet Gylyçmämmedow, Miras Huseýnow, Azym Sattyýew, Şatlyk Rahmanow, Aýnazar Goçmyradow, Ýusup Kulyýew, Mekan Nazarow, Gadam Gapurow, Merdan Abdullaýew, Halylmuhammet Sopyýew, Azat Wepagulyýew, Gurban Ataýew, Atajan Agaýew, Myrat Saparow hem-de Döwletgeldi Halmyradow) ybaratdygyny bellemek gerek.

Ýaş olimpiýaçylar

Köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi, sportda ýokary netijeleriň gazanylmagy, bu babatda türgenleriň döwlet derejesinde höweslendirilmegi möhüm ugur hökmünde kesgitlenildi. Şunda ýaşlaryň bedenterbiýe-sport hereketine işjeň çekilmegi möhüm wezipe bolup durýar. Hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesli kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdep-internatynda zähmet çekýän tälimçi-mugallymlar hem şu maksat bilen, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolup, saýlap alan sport görnüşleri boýunça kämillige ýetmegi ugrunda irginsiz zähmet çekýärler. Sport mekdebimizde tälim alýan ýaşlaryň arasynda dürli ýaryşlarda ýeňiji bolýan türgenleriň kemala gelmegi yhlasymyzyň ýerine düşýändigini görkezýär. Sport mekdebinde okuwçy-türgenleriň diňe bir türgenleşiklerine däl-de, okuw dersleri boýunça ýetişigine-de uly ähmiýet berilýär. Bu ýerde bilim alýan ýaşlaryň ýurdumyzda geçirilýän ders bäsleşiklerinde, şol sanda matematika dersinden hem baýrakly orunlary eýelemegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Hü­när baý­ra­my­na ba­gyş­la­nan bäs­le­şik­ler

Aş­ga­bat­da Türk­me­nis­ta­nyň dip­lo­ma­tik iş­gär­le­ri­niň gü­ni my­na­sy­bet­li spor­tuň bir­nä­çe gör­nü­şi bo­ýun­ça bäs­le­şik­ler ge­çi­ril­di. Oňa ýur­du­my­zyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň iş­gär­le­ri, da­şa­ry ýurt dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň we Türk­me­nis­tan­da akk­re­di­tir­le­nen hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň 200-e go­la­ýy gat­naş­dy. Wo­leý­bol, stol ten­ni­si, fut­zal hem-de bou­ling bo­ýun­ça paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­çe­sin­de gu­ra­lan bäs­le­şik­ler­de dip­lo­mat­lar öz us­sat­lyk­la­ry­ny gör­kez­di­ler. Bäs­le­şik­le­rde stol ten­ni­si­ne hö­wes bil­di­ren­le­riň has ag­dyk­lyk eden­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.

Futbol täzelikleri

Mart aýynda başlanjak Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nobatdaky möwsümine taýýarlygyň çäginde BAE-niň Abu-Dabi şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýän «Arkadag» topary Russiýanyň premýer ligasynyň wekili «Pari NN» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. «Abu Dhabi Cricket & Sports Hub» futbol meýdanynda geçirilen duşuşyk 2:1 hasabynda ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony «Arkadag» toparynyň peýdasyna tamamlandy. Toparymyza ýeňiş getiren toplary Begmyrat Baýow (23-nji minut) bilen Didar Durdyýew (68-nji minut, 11 m.j.u.) geçirdi.

Ady dünýä dolan dana Pyragy

«Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik şahyrymyza goýulýan hormat-sarpa, akyldaryň dünýädäki at-abraýy belende göterildi, öňe süren taglymatlary Ýer ýüzünde ykrar edildi. TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşi tarapyndan 2024-nji ýylyň «Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň subutnamalary bolup durýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralar diňe bir ýurdumyzda däl-de, dünýäniň çar künjeginde bir-birine ulaşýar. Dürli yklymlardan myhmanlary jemlejek şanly senede Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasynyň geçiriljekdigi bolsa has-da buýsandyryjy waka bolup, bu ägirt ýadygärlik halkymyzyň öz beýik ogluna buýsanjynyň çäksizdigini ýene bir ýola görkezer. Bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy

Şan­ly ýy­lyň be­lent ru­hy

Go­laý­da mek­de­bi­miz­de et­ra­byň bi­lim bö­lü­mi­niň hem-de TDP-niň et­rap ko­mi­te­ti­niň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly tä­ze ki­ta­by­nyň ta­nyş­dy­ry­ly­şy bol­dy. Du­şu­şyk­da edi­len çy­kyş­lar­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň dö­wet ga­la­myn­dan çy­kan aja­ýyp ki­tap­da eziz Wa­ta­ny­my­za, hal­ky­my­za bo­lan be­lent söý­gi, ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­re we ola­ryň ýü­re­gin­de gaý­nap-joş­ýan wa­tan­sö­ýü­ji­lik güý­jü­ne bo­lan berk ynam bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len şöh­le­len­ýär. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bu çe­per-do­ku­men­tal ki­ta­byn­da­ky her söz, her jüm­le türk­men ýaş­la­ry­nyň ýü­rek se­si bo­lup ýaň­lan­ýar hem-de ola­ry gel­je­ge ynam­ly we ba­tyr­gaý ga­dam ur­ma­ga ruh­lan­dyr­ýar. Çün­ki her sö­züň, jüm­lä­niň ma­ny-maz­mu­nyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýaş­la­ra bil­dir­ýän uly yna­my­ny gör­mek bol­ýar.

Şow­ly çy­kyş­lar

Ata Wa­ta­ny­myz­da spor­tuň ös­me­gi üçin äh­li şert­le­riň dö­re­dil­me­gi ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň äh­li ýe­rin­de bol­şy ýa­ly, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky Baş mü­dir­li­gi­niň 6-njy sport mek­de­bi­niň tür­gen­le­ri hem «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da üs­tün­lik­le­re eýe bol­ýar­lar. Sport mek­de­bi­miz­de ýaş ne­sil­le­riň okuw­dan boş wagt­la­ry spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­ma­gy, saý­lap alan ugur­la­ryn­da kä­mil­leş­me­gi üçin äh­li şert­ler dö­re­di­l­di. Us­sat tä­lim­çi­le­ri­mi­ziň bi­ri bolan Nur­my­rat Ba­ba­ýe­wiň tür­gen­le­ri Aş­ga­bat şä­he­ri­niň çem­pio­na­tyn­da üs­tün­lik­li çy­kyş et­di­ler. Olar­dan Kem­ran La­ti­pow 70 kg-de, Gud­rat Ber­di­li­ýew 60 kg-de, Eziz Mu­ham­me­dow 75 kg-de 1-n­ji, Emir­han Ho­ja­my­ra­dow 42 kg-de 2-n­ji orun­la­ra my­na­syp bol­du­lar. Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Ma­ry şä­he­rin­de ge­çi­ri­len uşu bo­ýun­ça er­kek­le­riň we ze­nan­la­ryň ara­syn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň çem­pio­na­tyn­da Me­kan Pal­ta­ýew 70 kg-de, Da­wut Bek­my­ra­dow 56 kg-de, Şöh­rat Re­je­pow 75 kg-de öň­dä­ki or­na my­na­syp bol­du­lar. Sö­weş sam­bo­sy bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan tä­lim­çi­si Alai Ny­ýaz­meňg­li­ýe­wiň tür­gen­le­ri Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Minsk şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ýa­ryş­da üs­tün­lik­li çy­kyş et­di­ler. Hal­ka­ra ýa

Taryhda şu gün

­ 2004-nji ýylyň 24-nji fewralynda «Bornmut» toparynyň hüjümçisi Jeýms Heýter iňlis futbolynyň taryhyndaky iň çalt het-trigi (bir oýunda üç top) amala aşyrmagy başardy.

Sagdyn durmuşyň aýrylmaz bölegi

Dogry iýmitlenmek — beden üçin fiziologik zerurlyk bolup, işjeň, doly bahaly ýaşaýşyň girewidir we sagdyn durmuş ýörelgesiniň aýrylmaz bölegidir. Alymlaryň bellemegine görä, sagdyn bolmagyň iki sany ýönekeýje talaby bar. Olar — fiziki taýdan işjeň hereketde bolmak we dogry iýmitlenmek. Şu talaplary berjaý etmek bilen, adamlar dürli keselleriň, hatda howply täze döremeleriň öňüni alyp bilýärler. Näsag adamlar bu düzgünleri berjaý etseler, saglygyny täzeden dikeltmäge mümkinçilik alýarlar. Hereketsiz, oturymly ýaşaýyş düzgüni we nädogry iýmitlenmek bedeniň energiýa deňagramlylygynyň bozulmagyna alyp barýar. Onda adamlaryň kaloriýa ulanyşy köp bolup, sarp edişi az bolýar. Energiýa deňagramlylygynyň bozulmagy bedeniň artyk agram almagyna, ýagny aşa semizlige eltýär. Gan basyşynyň ýokarlanmagyna, süňkleriň osteoporozyna, ýürek-damar, kelle-beýni keselleriniň, süýjüli diabetiň we howply täze döremeleriň käbir görnüşleriniň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.