"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Sport we sanly tehnologiýalar

Häzirki zaman sportuny sanly tehnologiýalardan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Sebäbi bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin ulanylýan innowasion tehnologiýalaryň sany barha artýar. Olar diňe bir türgenleşikleriň ýa-da ýaryşlaryň aýry-aýry jähetlerini özgertmek bilen çäklenmän, eýsem, bäsleşikleriň guralyşynyň we geçirilişiniň mazmunyny hem üýtgedýär. Olara gatnaşýan her bir türgeniň ýa-da tutuş toparlaryň netijeliligini we höwesini artdyrýar. Elbetde, sanly tehnologiýalar ýaşlaryň arasynda sportuň meşhurlygyny artdyrmak üçin ajaýyp serişde bolup hyzmat edýär. Olar türgenleşik işiniň täsirliligini, gyzyklylygyny artdyrýar we ýadawlygyň öňüni almaga kömek edýär. Dünýä tejribesinde şäherlerde ilatyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna niýetlenen desgalar, sport meýdançalary, seýilgähler baradaky maglumatlary tapmak üçin ýörite ulgamlar döredilýär. Şeýle ulgamlar sagdyn durmuş ýörelgesiniň muşdaklaryna mobil telefonlarynyň ýa-da kompýuterleriň kömegi arkaly sport bilen meşgullanmak üçin niýetlenen ýerleri tapmaga hem-de türgenleşiklere ýazylmaga mümkinçilik berýär.

Üzü­miň sag­ly­ga peý­da­sy

Iň dat­ly mi­we­le­riň bi­ri bo­lan üzüm, bil­şi­miz ýa­ly, to­mus we güýz pa­syl­la­ryn­da ýe­ti­şip, onuň yn­san sag­ly­gy üçin peý­da­sy öw­gä my­na­syp­dyr. Ol im­mu­ni­te­ti güýç­len­dir­ýär, beý­ni­niň iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­ýar. Dü­zü­min­de С wi­ta­mi­ni we mik­roe­le­ment­le­ri sak­la­ýan üzü­miň beý­ni, aş­ga­zan-içe­ge bi­len bag­ly ke­sel­ler­den, şol san­da düw­nük ke­se­lin­den go­ra­ýan­dy­gy luk­man­la­ryň ge­çi­ren bar­lag­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de ýü­ze çy­ka­ryl­dy. Üzü­mi çi­gi­di bi­len bi­le­lik­de iý­me­giň düw­nük öý­jük­le­ri­niň işi­ni bo­zup, zä­her­li tä­sir­le­ri azalt­ma­ga ýar­dam ed­ýän­di­gi­ni hem bel­le­mek ge­rek.

Awaza – gözel mekan

Dünýä syýahatçylygynyň merjeni hasaplanylýan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Ýer ýüzüniň jahankeşdeleriniň uly gyzyklanma bildirýän künjegi bolup, onda dünýä ülňülerine laýyk gelýän dynç alyş, saglygy dikeldiş, sport hem-de myhmanhana toplumlarynyň ençemesi bar. Sanlyja ýyllaryň içinde gurlup, halkyň hyzmatyna berlen şol kaşaň binalar Hazaryň türkmen kenaryny jenneti mekana öwürdi. Ýokary derejeli myhmanhanalar, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri saglygy berkitmäge, bedeni taplamaga hem şert döredýär. Gözel mekanda ýahta we sport klublary döwrebap derejede hyzmat edip, olaryň gurluşygynda millilige hem aýratyn üns berlipdir. Bu ýerde iri sport çäreleri, ýaryşlary, özara duşuşyklary, türgenleşikleri geçmek üçin hem sport merkezleri, toplumlary hereket edýär. Dost-doganlyk mekany hökmünde ykrar edilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen ýyllaryň dowamynda halkara derejesindäki forumlaryň ençemesiniň üstünlikli geçirilmegi Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynyň dünýädäki meşhurlygynyň artmagyna itergi berdi. Ýakynda bu ajaýyp ýerde «Awaza – dostluk mekany» atly medeni-köpçülik we sport çäreleriniň üstünlige beslenip geçirilmegi, oňa Russiýa Federasiýasyndan hem mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagy diýseň begendirýär. Bu giň göwrümli çäreleriň çäginde ýaňlanan aýdym-sazlaryň deňiz kenaryny ala-ýaza besländigini, olarda bagtly çagalygyň, dost-doganlygyň we Awazanyň wasp

Bedenterbiýe we sport

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, TMÝG-niň Aşgabat şäher geňeşiniň hem-de Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde «Aziýanyň merjeni Aşgabat – täze sport mümkinçilikleriniň mekany» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Hoşallyk maslahatynda çykyş eden kärdeşlerimiz gözel paýtagtymyzyň sport mekdepleridir desgalary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Sport ulgamynda ýetilen belent sepgitler we gazanylan netijeler baradaky buýsançly söhbetler maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Döwrebap sport mekdepleridir desgalarynda işlemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp alkyş aýdýarys.

Taryhda şu gün

2-nji sentýabra çenli dowam eden çempionatda türgenler medal sanawynyň 47-si ugrunda bäsleşdiler. Netijede dürli öwüşginli medallaryň 26-syny gazanan ABŞ-nyň ýygyndy topary öňdäki orny eýeledi. Ikinji, üçünji orunlarda degişlilikde Keniýanyň (5-3-5) hem-de Russiýanyň (4-7-3) ýygyndy toparlary ornaşdylar.

Sagdynlygyň, sportuň, syýahatçylygyň sazlaşygy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen amala aşyrylýan ägirt uly işleriň netijesinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz gözelligini has-da artdyryp, syýahatçylygyň merjeni, sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany, dynç almak hem-de saglygyňy berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, sport bilen meşgullanmak üçin nusgalyk şert-mümkinçilikleriň üpjün edilen künjegi hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde, sport bilen meşgullanmakda bolsa döwlet Baştutanymyzyň peder ýörelgesini dowam etdirip, her bir raýata görelde bolup durýandygy döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr. Muňa 14-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiziň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etmeginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik. Şol gün ir bilen döwlet Baştutanymyz deňiz kenaryna geldi. Tomsuna günüň bu çagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýakymly howa gurşawy emele gelýär. Munuň özi deňizden we «Awaza» emeli derýasyndan öwüsýän sergin şemalyň, ýaşyl seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredýän salkyn howasynyň esasynda mümkin bolýar. Soňky ýyllarda şeýle zolaklaryň çägi ep-esli giňeldildi. Bu çäreler kenarýaka sebitiň ekologiýa ýagdaýynyň has-da gowulanmagyny hem şertlendirdi.

Halkara ýaryşyň medallary

Türkmen türgenleri 6 – 10-njy awgust aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen boks boýunça halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdiler. Bokenbaý Saktaganowyň ýadygärligine bagyşlanan bäsleşige Türkmenistandan, Täjigistandan, Özbegistandan hem-de Gazagystanyň dürli şäherlerinden türgenler gatnaşdylar. Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň 9 türgeni dürli agram derjelerinde ringe atoparymyzyň baş tälimçisi Tenilbek Džumakulow, ýaşlar ýygyndy toparymyzyň tälimçisi Maksud Şeripow hem-de milli derejeli emin Timur Halilow halypalyk etdi. Türkmen boksçylary halkara ýaryşy 6 medal (1 altyn, 1 kümüş, 4 bürünç) bilen jemlediler.

Gymmaty egsilmeýän baýlyk

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda milli lukmançylyk mirasy, şol sanda onuň bilen baglanyşykly türkmen topragynda ösýän endemik we seýrek duş gelýän täsin dermanlyk ösümlikler barada giňişleýin maglumat berilýär. Bu kitap öz saglygy barada aladalanýan her bir adam üçin peýdaly maglumatlaryň hazynasydyr. Onuň jiltlerinde kerem-keramatly türkmen topragynyň dürli künjeklerinde bitýän dermanlyk ösümlikleriň bejerijilik häsiýetleri, ýaýraýşy, olardan melhem taýýarlanylyşy, ulanylyşy we saklanylyşy bilen bagly baý maglumatlar anyk hem giňişleýin beýan edilýär. Bu kitabyň häzirki wagta çenli 15 jildi çap edilip, halkymyza ýetirildi. Lukman Arkadagymyzyň düýpli ylmy işine daşary ýurtlarda hem gyzyklanma bildirilýär. Sebäbi ol dünýä lukmançylyk ylmynyň, fitoterapiýanyň ösüşine uly goşant bolan eserdir. Kitabyň aýry-aýry jiltleriniň daşary ýurt dilleriniň birnäçesine terjime edilmegi onuň ähmiýetiniň barha artýandygyny görkezýär. Gymmaty egsilmejek bu kitap ýakynda pars diline hem terjime edilip başlandy.

Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda adam jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygydyr. Şoňa görä-de, Bitarap döwletimiziň her bir raýatynyň, jemgyýetimiziň hem-de tutuş halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmagy, sporty ösdürmegi hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegi baş maksadymyz hökmünde öňe sürýäris» diýip nygtaýar. Milli Liderimiziň bu ugurda badalga beren dünýä nusgalyk işleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändigi hemmämizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy bolsa her bir raýat üçin nusgalyk ýörelgedir, göreldedir, mekdepdir. Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýän we bu ugurda ösüp gelýän ýaş nesle nusgalyk görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Sport ulag merkezine bardy.

Halk maslahaty – milli jebisligiň nyşany

Halk demokratiýasy dabaralanýar Merdana pederlerimiziň arzuwlaryny hasyl eden berkarar döwletimiziň gülläp ösüşi, ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikler we jemgyýetimiziň abadançylygy agzybir halkymyzyň yhlasynyň, tutanýerli zähmetiniň miwesidir. Her bir güni şanly wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuna we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine barýan günlerimizde biz bu hakykata ýene bir gezek göz ýetirýäris. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň 20-nji iýulda kabul eden Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan umumymilli forumy şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi.

Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň, ozaly bilen, ýaş nesliň saglygyny berkitmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri hökmünde yglan edip, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hem-de ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine uly ähmiýet berdi. Biz muny ýurdumyzda sportuň görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlaryň mysalynda hem görýäris. Sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hem öňde durýan esasy wezipeleriň biridir. Ine, şu günler hem Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi welosport klubunyň welosipedçileri Aşgabat şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýärler.

Sportuň dabaralanýan zamanasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni has-da giň gerimde jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryna ornaşdyrmak, ýokary netijeli sporty ösdürmek babatda dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Taryhy jähetden alanyňda, gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň çar ýanynda gurlup, ulanylmaga berlen sport desgalary bu günki gün bagtyýar raýatlarymyzyň, esasan hem, ýaşlaryň iň bir gelim-gidimli hem-de gyzykly we çekeleşikli ýaryşlaryň geçirilýän ýerlerine öwrüldi. Şol kaşaň desgalaryň hatarynda mynasyp orun eýeleýän döwrebap sport mekdepleri bolsa ösüp gelýän ýaş nesillerimizi diňe bir beden taýdan däl, eýsem, ruhy taýdan hem terbiýeläp, olarda maksadaokgunlylygy, tutanýerliligi, özlerine hem-de üstünliklere bolan ynamy kemala getirmekde, ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Sport — parahatçylygyň ilçisi, dost-doganlygyň köprüsi. Iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine bütin dünýäniň ünsüniň gönügýändigini, ýaryşlaryň geçýän wagtynda şol ýurduň, şäheriň adynyň Ýer ýüzünde dilden-dile geçýändigini sport bilen gyzyklanýan her bir adam bilýändir. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy bilen badalga berlen hem-de durmuşa geçirilen, täze eýýamda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän beýik işleriň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň, gözel paýtagtymyz Aşgabadyň dünýädäki meşhurlygynyň bar

Halkymyzyň milli buýsanjy

Türkmen halkynyň dünýä beren gymmatlyklarynyň biri-de wepalylygy, owadanlygy, ýyndamlygy bilen ata Watanymyzyň abraýyny arşa göteren ahalteke bedewlerimizdir. Asyrlarboýy merdana ýigitlerimiziň uçar ganaty saýylyp gelinýän ahalteke bedewlerimiziň bu günki gözelliginde müňýyllyklaryň dowamynda çekilen päk zähmetiň kämil miwesi görünýär. Eziz Watanymyzda ahalteke bedewleri hemişe üns merkezinde saklanýar. Olaryň sagdyn, ýyndam, owadan, mähirli, gözel, eýesine wepaly bolup ýetişmegi üçin, halkara gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, ýeňiji bolmagy ugrunda türkmen atşynaslaryna giň mümkinçilikler döredilýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň gurlup ulanylmaga berilmegi, bu ýerde meşhur seýis Aba Annaýewiň adyny göterýän Halkara atçylyk akademiýasynyň ýerleşmegi her bir türkmenistanlyny buýsandyrdy. Halkara atçylyk akademiýasynda ýaşlara halypa seýis Aba Annaýewiň seýisçilik, atşynaslyk hünärini ele almak ugrunda alyp baran işleri, ulanan tärleri barada giňişleýin öwredilýär. Bu ýerde «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» diýen at bilen ÝUNESKO klubunyň döredilmegi bolsa hyzmatdaşlygyň çägindäki nobatdaky ädim boldy.

Hormata mynasyp halypa

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda bedenterbiýäniň hem-de sportuň ösdürilmegi ugrunda alyp barýan syýasatyny durmuşa geçirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli wagyz etmek babatda halypa tälimçileriň üstüne hem uly jogapkärçilik düşýär. Uzak ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly hem-de tutanýerli zähmeti bilen tanalýan, şeýle hem sportuň küşt görnüşi boýunça sanly ulgam arkaly geçirilen halkara ýaryşlarda yzygiderli baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýurdumyzyň abraýyny belende galdyrýan tälimçileriň biri-de Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň tälimçi-mugallymy Ahmet Odeýewdir. Halypa indi köp ýyllardan bäri ýaşlara küştüň inçe tilsimlerini öwredýär.

Welaýatlardan habarlar

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Türkmenistan sportuň ösen döwleti, sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany hökmünde tanalýar. Ýurdumyzda döredilen şertler türgenlerimiziň ýokary netijeleri gazanmagyna, ildeşlerimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna mümkinçilik berýär. Döredilýän giň mümkinçilikler geçirilýän ýaryşlarda hem öz beýanyny tapýar. Sporty hemra edinmek bedeniň berkligini, şahsyýetiň kemala gelmegindäki ruhy ösüşi, ýaramaz endiklerden daşda durmagy, joşgunly zähmeti şertlendirýär. Bedenterbiýe-sport hem-de sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň geçirilmegi sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ýaş türgenlerimiziň kämilleşmegine, hünär ussatlyklarynyň artmagyna we sport derejeleriniň ýokarlanmagyna ýardam edýär. Sport ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de dünýä derejesinde ösdürmek boýunça döredýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

«Al­tyn Asy­ryň» üs­tün­li­gi

Ýurdumyzyň futbol toparlary Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýärler. Paýtagtymyzyň «Altyn Asyr» futbol topary bu asylly däbi mynasyp dowam etdirip, yklymyň ikinji derejeli klub ýaryşynyň — AFK-nyň Çempionlar ligasy — 2-niň saýlama tapgyryndan üstünlikli geçip, bu abraýly ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna çykmagy başardy. 14-nji awgustda Hindistanyň Kalkutta şäherinde geçirilen saýlama duşuşykda «Altyn Asyr» Hindistanyň çempionatynda bu şähere wekilçilik edýän «Ist Bengal» toparyny 3:2 hasabynda ýeňdi.

Ýaşlar sporty saýlaýar

Ýurdumyzda sporty ösdürmek ugrunda amal edilýän beýik işler bu ugruň sazlaşykly ösüşini gazanmagyň möhüm bölegini emele getirýär. Şunlukda, sporty saýlaýan watandaşlarymyzyň sany yzygiderli artýar. Ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilmegi bolsa professional türgenleriň yzygiderli köpelmegini üpjün edýär. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda bilim alýan ýaşlar hem bedenterbiýäni we sporty gündelik hemrasyna öwürýärler. Olaryň ençemesi professional sporty saýlap, kämillige tarap ynamly ädimler bilen gadam goýýarlar. Institutymyzda hereket edýän Talyplar sport kluby ýaşlaryň has-da kämilleşmegi üçin diýseň oňaýlylygy, özünde jemleýän ajaýyp şert-mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar.

Pälwanyň pälwan perzendi

Garyşyk söweş sungatynyň ilkinji emellerini öwrenip başlan günleri Seýran bary-ýogy 3 ýaşyny doldurypdy. Zehinli oglanjygyň bu ýoluň menzillerine has kiçiliginden rowana bolmagyna kakasy Şöhradyň hem-de onuň agasy Orazgeldiniň göreldesi täsirini ýetiripdi. Onuň kakasy Ş.Orazgeldiýew başa-baş söweş sungatynyň ençeme ugurlaryndan uly üstünliklere, şol sanda MMA söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşinden hem-de uniwersal söweşden dünýä derejesinde ajaýyp netijelere eýe bolupdy. Kakasynyň agasy hem-de Seýranyň tälimçisi O.Orazgeldiýew hem uly ýeňişlere ýetipdi. Munuň özi Seýranyň sport ýolunyň binýadynyň berk bolmagyny üpjün etdi. Şunlukda, ol ýaňy bir bäş ýaşynyň içindekä uşu sanda boýunça 7 ýaşly türgenleriň arasynda hem mynasyp çykyş etmegi başarýandygyny görkezmegiň hötdesinden geldi. Munuň üçin ol şol ýaşdaky çagalaryň arasynda guralan Türkmenistanyň açyk birinjiliginiň Kubogyna hem-de ýeňşe bolan höwesi üçin ýörite baýraga mynasyp bolupdy.

Awazada ýaňlanan aýdymlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we taýsyz tagallalary netijesinde gojaman Hazaryň türkmen kenary gysga taryhy döwrüň içinde düýpgöter özgerdi. Bu gözel künjekde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilip, onuň durmuş düzüminiň yzygiderli ösdürilmegi, ösen halkara ölçeglerine kybap gelýän dynç alyş-şypahana ulgamynyň giňeldilmegi bilen, deňiz kenary jenneti mekana öwrüldi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birbada ençeme müň syýahatçyny kabul etmäge we olara dünýä hil ülňülerine laýyklykda hyzmat etmäge ähli mümkinçilikler bar. Hazaryň türkmen kenarynyň tebigatynyň, howasynyň, ösümlik dünýäsiniň ekologiýa taýdan arassadygy, mikroelementlere baýdygy, tebigy bejeriş häsiýetine eýedigi bilen tapawutlanýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Dost-doganlyk mekany hökmünde ykrar edilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen ýyllaryň dowamynda halkara derejesindäki forumlaryň ençemesiniň üstünlikli geçirilmegi Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynyň dünýädäki meşhurlygynyň artmagyna itergi berdi. Ýakynda bu ajaýyp ýerde «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülik we sport çäreleriniň üstünlige beslenip geçirilmegi, oňa Russiýa Federasiýasyndan hem mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagy diýseň begendirýär. Bu giň göwrümli çäreleriň çäginde ýaňlanan aýdym-sazlarynyň deňiz kenaryny alaýaza besländigini, olarda bagtly çagalygyň, dost-doganlygyň we

Bedenterbiýe we sport

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň meýilnamasy esasynda, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň meýletinçiler topary bilen bilelikde sanly ulgam arkaly okuw-maslahat geçirildi. Maslahatda sagdyn durmuş ýörelgesi, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn nesilleri kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada söhbet edildi. Ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi, sportda täze belentlikeri nazarlamagy babatda uly tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylan alkyş sözleri edilen çykyşlaryň özenini düzdi.