Welaýatlardan habarlar

16 Awgust 2024
106

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Türkmenistan sportuň ösen döwleti, sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekany hökmünde tanalýar. Ýurdumyzda döredilen şertler türgenlerimiziň ýokary netijeleri gazanmagyna, ildeşlerimiziň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna mümkinçilik berýär. Döredilýän giň mümkinçilikler geçirilýän ýaryşlarda hem öz beýanyny tapýar. Sporty hemra edinmek bedeniň berkligini, şahsyýetiň kemala gelmegindäki ruhy ösüşi, ýaramaz endiklerden daşda durmagy, joşgunly zähmeti şertlendirýär. Bedenterbiýe-sport hem-de sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň geçirilmegi sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýan ýaş türgenlerimiziň kämilleşmegine, hünär ussatlyklarynyň artmagyna we sport derejeleriniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Sport ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de dünýä derejesinde ösdürmek boýunça döredýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.