Ýolumyza nur saçýan Garaşsyzlyk

30 Awgust 2024
80

Türkmen halky güýz paslyna aýratyn gadyr-hormat goýup, ony «altyn güýz» diýip derejeläp, sarpalap gelipdir. Şahyrlarymyz hem güýzi öz şygyrlarynda üýtgeşik hyjuw, yhlas bilen wasp edipdirler. 1991-nji ýylda bolsa bu nurana paslyň halkymyzyň durmuşyndaky, ykbalyndaky orny has-da belentliklere göterildi. Şol ýylyň altyn güýzünde eýe bolnan mukaddes Garaşsyzlyk türkmen halkynyň alnyndan ak Gün bolup dogup, ýolumyza nur çaýdy, Magtymguly atamyzyň çoh garaşan ajap eýýamy gelip, halkymyz berkarar döwletli doldy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we abraý-mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlygymyzdyr» diýip nygtaýar. Şol beýik gymmatlygyň eýesi bolanymyza «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 33 ýyl dolýar. Geçen şol şöhratly ýyllarda, esasan hem onuň «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri» diýlip atlandyrylan eýýamynda, şeýle-de, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri» diýlip atlandyrlýan häzirki zamanasynda gazanylan ösüşler türkmen halkynyň agzybirlikde, jebislikde ýetip bilmejek menziliniň ýokdugyny äleme äşgär etdi. Türkmenistan döwletimiz taryhy jähetden alanyňda örän gysga döwrüň içinde dünýäniň iň kuwwatly döwletleriniň hatarynda mynasyp orun eýeledi.

Bägül ÝOMUDOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.