Bedenterbiýe we sport

6 Sentýabr 2024
48

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň şäher häkimligi bilen bilelikde guramagynda Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde «Gender deňligi – demokratik ösüşiň hukuk binýady» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler gözel paýtagtymyzyň täze belentlikleri we gurlup ulanylmaga berilýän sport desgalary, gender deňliginiň hukuk binýady esasynda hem-de sport ulgamynda ýetilen belent sepgitler we gazanylan netijeler barada çykyş etdiler. Maslahata gatnaşyjylar şeýle döwrebap, ak mermerli sport mekdeplerinde we sport desgalarynda işlemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar.

Daýanç BATYROW,