Ýollarymyz asuda bolsun!

6 Sentýabr 2024
44

Häzirki döwürde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek ileri tutulýan ugurlaryň hem-de wajyp meseleleriň biri hasaplanylýar. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde hem ýurdumyzyň ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklardyr maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Ýollaryň asuda, abadan bolmagy üçin durmuşa geçirilýän bu işler adam hakyndaky aladanyň aýdyň subutnamasydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda raýatlarymyzyň jan saglygyna, howpsuzlygyna gönükdirilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem guramaçylykly guralýar. Ýol hereketiniň howpsuz bolmagyny gazanmak hemmeleriň işidir. Sebäbi hadysasyz köçe-ýollarymyz her bir maşgalanyň abadan ýaşaýşynyň, ömrümiziň rahatlygynyň kepilidir.

Maksat BAKYÝEW,
Mary etrabynyň polisiýa bölüminiň müdiriniň işgärler boýunça orunbasary, polisiýanyň maýory.