Taryhy çözgütler kabul ediler

30 Awgust 2024
67

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri – taryhy ösüşleriň, özgertmeleriň zamanasy. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriniň esasynda ajaýyp zamanamyzda amala aşyrylýan işler döwletimiziň has-da gülläp ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň öňküdenem gowulandyrylmagyna gönükdirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda giňden taýýarlyk görülýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde bu ýörelgelerden gelip çykýan belent wezipeleri geljekde hem üstünlikli durmuşa geçirmegiň anyk ýollarynyň kesgitleniljekdigini ynam bilen aýdyp bolar.

24-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyljak wajyp wezipeler döwletimiziň öňde goýýan belent maksatlaryna ýetmegine oňyn itergi berer. Halkyň bähbitlerini goraýan ýokary wekilçilikli edara bolan Halk Maslahaty ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryny beýik tutumlaryň, taryhy özgertmeleriň daşyna jebisleşdirip, nurana geljege alyp gitmekde uly güýçdür. Milli demokratik däplerimiziň, il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmek ýaly ilhalar ýörelgelerimiziň ajaýyp zamanamyzda uly rowaçlyklara beslenýändigine ählihalk forumynyň mysalynda ýene bir ýola göz ýetireris.