Ösüşlere beslenýän döwür

30 Awgust 2024
401

Täze taryhy döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli işler halkymyzyň eşretli, abadan, asuda durmuşyny üpjün edip, ýurdumyzyň dünýäniň kuwwatly döwletleriniň hataryndaky ornuny has-da pugtalandyrýar. Muny hormatly Prezidentimiziň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri asyrlardan gözbaş alyp, geljege uzaýan, agzybirligimize we jebisligimize daýanyp, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerimiz bilen şöhratlanýan döwürdir» diýen dürdäne sözleri hem aýdyň tassyklaýar.

Her bir döwür şanly wakalary bilen şöhratlanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň barha golaýlaşýan 33 ýyllyk baýramy hem ajaýyp zamanamyzyň şanly wakalarynyň hatarynda mynasyp orny eýelär. Naýbaşy baýramymyzyň öň ýanynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem uly toýy has-da dabaralandyrjak, onuň şanyna şan goşjak möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka hökmünde täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylar.

Dörtguly JUMAÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.