Pälwanlaryň pälwany

6 Sentýabr 2024
44

1961-nji ýylyň 9-njy aprelinde Gökdepäniň «Ahal» geňeşliginde Şyhberdi Meläýewiň agzybir maşgalasynda dördünji ogul dünýä inýär. Oňa Çaryguly diýip at dakýarlar. Ol doganlary bilen ene-atasynyň elinde önüp-ösüp kemala gelýär. Onuň agalary, esasan hem Gurbangeldi türkmen göreşi bilen meşgullanyp, dört jübütligi düzýän pälwanlaryň biri bolýar. Çary hem kiçiliginden agalaryna öýkünip başlaýar. Soň özbaşdak deň-duş oglanlary bilen mekdepdäki türkmen milli göreşi boýunça gurnaga yzygiderli gatnaýar.

Çary 1979-njy ýylda TDU-nyň fizika-matematika fakultetine okuwa girýär. Talyp döwürleri hem Aşgabatda sungat mekdebinde okaýan halypasy Hanlyk bilen yzygiderli türgenleşýär. Şol döwürler Aşgabadyň merkezindäki 1-nji seýilgähiniň çäginde milli göreş boýunça geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýär. 1984-nji ýylda uniwersiteti üstünlikli tamamlap, öz obalaryndaky orta mekdepde işe başlaýar.

Çarymyrat GARAHANOW,
Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň weterany, polisiýanyň ätiýaçdaky podpolkownigi.