Ajaýyp pursatlara beslenýän baýram

30 Awgust 2024
70

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň altyn güýzüniň ýetip gelmegi bilen, toýlary toýlara, baýramlary baýramlara ulaşýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň çar künjegini ýene-de bir ajaýyp baýramyň – Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaraly çäreleri gurşap alar. Her ýylyň täze okuw möwsüminiň ilkinji gününde giňden bellenilýän bu nurana senäniň kalplardaky buýsanjy, guwanjy artdyrjak çäreleri, okuw mekdeplerinde döredilen ajaýyp şert-mümkinçilikler ýurdumyzda ýaş nesiller, olaryň dünýä ülňülerine laýyklykda bilim-terbiýe almaklary ugrunda edilýän aladanyň bimöçberdiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüler.

Hormatly Prezidentimiziň: «Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralary ýaş nesillerimizi watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ugrunda ak ýürekden yhlasly zähmet çekýän mugallymlarymyzyň hem-de ähli bilim işgärlerimiziň, geljegimiz bolan bagtyýar ýaşlarymyzyň, şeýle hem tutuş halkymyzyň durmuşyny ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara besleýär» diýen dürdäne sözleri nobatdaky gezek dabaralanar.

«Türkmen sporty».