Ýaşlar sporty saýlaýar

16 Awgust 2024
143

Ýurdumyzda sporty ösdürmek ugrunda amal edilýän beýik işler bu ugruň sazlaşykly ösüşini gazanmagyň möhüm bölegini emele getirýär. Şunlukda, sporty saýlaýan watandaşlarymyzyň sany yzygiderli artýar. Ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilmegi bolsa professional türgenleriň yzygiderli köpelmegini üpjün edýär.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda bilim alýan ýaşlar hem bedenterbiýäni we sporty gündelik hemrasyna öwürýärler. Olaryň ençemesi professional sporty saýlap, kämillige tarap ynamly ädimler bilen gadam goýýarlar. Institutymyzda hereket edýän Talyplar sport kluby ýaşlaryň has-da kämilleşmegi üçin diýseň oňaýlylygy, özünde jemleýän ajaýyp şert-mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar.

Akmämmet BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.