Bedenterbiýe we sport

16 Awgust 2024
385

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň meýilnamasy esasynda, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň meýletinçiler topary bilen bilelikde sanly ulgam arkaly okuw-maslahat geçirildi. Maslahatda sagdyn durmuş ýörelgesi, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn nesilleri kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işler barada söhbet edildi.

Ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegi, sportda täze belentlikeri nazarlamagy babatda uly tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna aýdylan alkyş sözleri edilen çykyşlaryň özenini düzdi.