Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi

16 Awgust 2024
105

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz: «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda adam jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygydyr. Şoňa görä-de, Bitarap döwletimiziň her bir raýatynyň, jemgyýetimiziň hem-de tutuş halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny gazanmagy, sporty ösdürmegi hem-de sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegi baş maksadymyz hökmünde öňe sürýäris» diýip nygtaýar. Milli Liderimiziň bu ugurda badalga beren dünýä nusgalyk işleriniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändigi hemmämizi buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy bolsa her bir raýat üçin nusgalyk ýörelgedir, göreldedir, mekdepdir.

Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýän we bu ugurda ösüp gelýän ýaş nesle nusgalyk görelde bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda paýtagtymyzyň demirgazygynda ýerleşýän Sport ulag merkezine bardy.

«Türkmen sporty».