Sagdynlygyň, sportuň, syýahatçylygyň sazlaşygy

16 Awgust 2024
113

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen amala aşyrylýan ägirt uly işleriň netijesinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz gözelligini has-da artdyryp, syýahatçylygyň merjeni, sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany, dynç almak hem-de saglygyňy berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, sport bilen meşgullanmak üçin nusgalyk şert-mümkinçilikleriň üpjün edilen künjegi hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekde, sport bilen meşgullanmakda bolsa döwlet Baştutanymyzyň peder ýörelgesini dowam etdirip, her bir raýata görelde bolup durýandygy döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr. Muňa 14-nji awgustda zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiziň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etmeginiň mysalynda hem aýdyň göz ýetirdik.

Şol gün ir bilen döwlet Baştutanymyz deňiz kenaryna geldi. Tomsuna günüň bu çagynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýakymly howa gurşawy emele gelýär. Munuň özi deňizden we «Awaza» emeli derýasyndan öwüsýän sergin şemalyň, ýaşyl seýilgähleriň, tokaý zolaklarynyň döredýän salkyn howasynyň esasynda mümkin bolýar. Soňky ýyllarda şeýle zolaklaryň çägi ep-esli giňeldildi. Bu çäreler kenarýaka sebitiň ekologiýa ýagdaýynyň has-da gowulanmagyny hem şertlendirdi.

«Türkmen sporty».