"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Bedenterbiýe we sport

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň guramagynda 2012 – 2014-nji hem-de 2015 – 2016-njy ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda karatedo boýunça paýtagtymyzyň saýlama ýaryşy geçirildi. «Täze zaman» bedenterbiýe we sagaldyş toplumynda geçen ýaryş türgenleriň 80-sini bir ýere jemledi. Şolaryň 60-sy oglanlar, 20-si bolsa gyzlardyr. 30 kilograma çenli agramdan 50 kg-e çenli agram derejesinde ýaýbaňlandyrylan bäsleşikleriň çäginde diýseň dartgynly duşuşyklaryň ençemesi bellige alyndy. Şunlukda, gyzlaryň bäsleşikleriniň netijesi boýunça 2015-nji ýylda doglan türgenleriň arasynda Merýem Gulamanowa (-30 kg), 2013-nji ýylda dünýä inen ýetginjeklerden bolsa Aýjahan Annagylyjowa öz agramlarynyň ýeňijileri boldular. Oglanlaryň ýaryşlary hem diýseň çekeleşikli geçip, Daýanç Annamyradow (-40 kg),

Ýol abat – il abat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Institutyň mejlisler zalynda guralan çärä mugallymlardyr talyp ýaşlar gatnaşdylar. Wagyz-nesihat duşuşygynda Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Içeri işler ministrliginiň, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň kazyýetiniň, Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri çykyş etdiler. Duşuşykda çykyş edenler her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän biraýlygyň ähmiýeti barada aýdyp, ýol hereketine gatnaşyjy her bir raýatyň düzgünleri doly we dogry berjaý etmeginiň zerurdygy barada belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde döwlet derejesinde giň gerim bilen geçirilýän şeýle çäreler talyp ýaşlaryň ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky bilimlerini artdyrmakda, olara ýol kadalaryny öwretmekde, ýaşlaryň ýol hereketiniň howpsuzlygyna jogapkärli garamaklaryny gazanmakda, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, köçelerde, jemgyýetçilik ulaglarynda okuwçylaryň özlerini howpsuz we medeniýetli alyp barmagynda uly ähmiýete eýedir.

Taryhda şu gün

Ol 1904-nji ýylda Sent-Lýuis şäherinde geçirilen tomusky Oýunlarda 60, 100 hem-de 200 metr aralyklarynda olimpiýa çempiony bolýar. Onuň 200 metr aralyga ylgamakdaky medalyny dünýä rekordy bilen (21,6 sekunt) gazanandygyny bellemek gerek. Häzirki wagta çenli öz gymmatyny ýitirmän gelýän «Gysga aralyga nädip ylgamaly» atly kitabyň hem awtorydyr.

Ösüş-özgerişleriň we beýik tutumlaryň zamanasy

Ynsan saglygyny goramak, jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün etmek Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bu syýasatyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem döwrebap derejede üstünlikli dowam etdirilýändigi buýsandyryjydyr.

Ähli üstünliklerimiziň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýän zamanasynda – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhraty, at-abraýy arşa göterilýär. Eziz Diýarymyz tutuş Ýer ýüzünde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, sagdynlygyň hem sportuň mekany hökmünde uly meşhurlyga eýe bolýar. Täze taryhy döwrüň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ata Watanymyz şanly wakalara beslenýär. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylyp, bagtyýar halkymyz naýbaşy baýramyny – mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllyk toýuny uly zähmet ýeňişleri bilen garşylaýar.

Baş baýlygyň goragynda

Hormatly Prezidentimiziň: «Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýarys» diýen sözleri döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy bilen işlenip düzülen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilmegi üstünlikli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň binýady bolup durýar. Bu maksatnama laýyklykda, ulgamyň hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, iň gowy dünýä tejribesiniň we gazanylanlarynyň, innowasion tehnologiýalaryň ulgama ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen birlikde, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk edaralary, ylmy-barlag merkezleri bilen giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda hem uly öňegidişlikler gazanyldy.

Halk bilen häkimiýeti jebisleşdiriji güýç

«Geňeşli biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar» diýen pähimleri miras galdyran, her bir işi il-gün bilen maslahatlaşyp eden ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dowamat-dowam bolýar. Şeýle asylly ýörelgeleriň dabaralanýandygyny açyk-aýdyň görkezýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, ýurdumyzyň abadançylygyny, asudalygyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Täze taryhy eýýamyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, döwletimizi ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarynda täze sepgitlere ýetmek, iň täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi hem-de «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Halkymyzyň döwlet gurluşy babatda köp asyrlyk taryhynda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara almak bilen, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meseleleri

Gu­wan­dyr­ýan üs­tün­lik­ler

Ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­mi­ziň ta­lyp tür­gen­le­ri­niň hal­ka­ra are­na­syn­da my­na­syp çy­kyş edip, ýa­şyl Tu­gu­my­zy be­lent­de par­lat­mak­la­ry ba­şy­my­zy gö­ge ýe­tir­ýär. Mu­nuň ola­ryň ýe­tip gel­ýän mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my­na my­na­syp sow­gat­la­ry­dy­gy­ny bel­le­me­li­di­ris. Aw­gust aýyn­da ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­mi­ziň 2-nji ýyl ta­ly­by Şyh­ber­di Rah­ma­no­wyň Ga­za­gys­ta­nyň Şim­kent şä­he­rin­de ge­çi­ri­len jiu-jit­su bo­ýun­ça Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da ga­za­nan üs­tün­li­gi aý­ra­tyn bel­le­nil­mä­ge my­na­syp­dyr. 62 ki­log­ram ag­ram de­re­je­sin­de bäs­le­şen tür­ge­ni­miz bu ýa­ry­şyň bü­rünç me­da­ly­na my­na­syp bol­dy.

Bagtyýar talyplaryň ýürek buýsanjy

Perhat BAGTYÝAROW, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, agyr atletika boýunça sport ussady, milli ýygyndy toparyň agzasy:

Dünýä çempionatynyň medallary

Wengriýanyň Budapeşt şäherinde geçirilen kikboksing boýunça dünýä çempionatynda türkmenistanly ýetginjekler altyn, kümüş we üç bürünç medallara mynasyp boldular. Türkmenistanyň ýygyndysyna 17 türgen wekilçilik etdi. Şolardan bäş türgenimiz kikboksuň «kik-laýt» we «full-kontakt» görnüşleri boýunça şowly çykyş etdiler. Dünýä çempionatyna 70-e golaý döwletden 3100-den gowrak türgen gatnaşdy. Ýaryşda 37 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Jasurbek Ahmedow geçiren dört duşuşygynyň ählisinde ýeňiş gazanyp, dünýäniň çempiony bolmagy başardy. Türkmen ýygyndysyndan kümüş medaly 51 kilograma çenli agram derejesinde Serdar Bekenow gazandy. Ymamguly Rejebow, Salamathan Baltaýew we Nepes Bäşimow bürünç medallara mynasyp boldular.

Türgenlerimiziň üstünligi

Golaýda Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäherinde adaty karate boýunça Aziýa-Okeaniýanyň 4-nji sebitleýin çempionaty geçirildi. Bu ýaryşa sport mekdebimizden tälimçilerdir türgenleriň 10-sy gatnaşdy. Türgenlerimiz çempionatda şowly çykyş edip, baýrakly orunlary eýelediler. Şahsy kata görnüşinden Yhlas Annagurbanow we Damir Allaberdiýew, Çerkez Myratdurdyýew (toparlaýyn) 1-nji orunlara mynasyp boldular. Nurgeldi Annagurbanow we Meýlis Çaryýew 2-nji, Döwlet Berdiýew 3-nji orunlary eýelediler. En-bu görnüşinden Nurgeldi Annagurbanow (toparlaýyn) 1-nji orna mynasyp bolmagy başardy. Kihon tutluşyk görnüşinden Damir Allaberdiýew, Nurgeldi Annanepesow 2-nji orunlary eýelediler. Şahsy tutluşyk görnüşinden Selim Myratberdiýew 3-nji orna mynasyp bolup, türgenlerimiziň Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramyna taýýarlan sowgatlarynyň üstüni ýetirdi.

Pälwanlaryň pälwany

1961-nji ýylyň 9-njy aprelinde Gökdepäniň «Ahal» geňeşliginde Şyhberdi Meläýewiň agzybir maşgalasynda dördünji ogul dünýä inýär. Oňa Çaryguly diýip at dakýarlar. Ol doganlary bilen ene-atasynyň elinde önüp-ösüp kemala gelýär. Onuň agalary, esasan hem Gurbangeldi türkmen göreşi bilen meşgullanyp, dört jübütligi düzýän pälwanlaryň biri bolýar. Çary hem kiçiliginden agalaryna öýkünip başlaýar. Soň özbaşdak deň-duş oglanlary bilen mekdepdäki türkmen milli göreşi boýunça gurnaga yzygiderli gatnaýar. Çary 1979-njy ýylda TDU-nyň fizika-matematika fakultetine okuwa girýär. Talyp döwürleri hem Aşgabatda sungat mekdebinde okaýan halypasy Hanlyk bilen yzygiderli türgenleşýär. Şol döwürler Aşgabadyň merkezindäki 1-nji seýilgähiniň çäginde milli göreş boýunça geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýär. 1984-nji ýylda uniwersiteti üstünlikli tamamlap, öz obalaryndaky orta mekdepde işe başlaýar.

Bedenterbiýe we sport

Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň şäher häkimligi bilen bilelikde guramagynda Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde «Gender deňligi – demokratik ösüşiň hukuk binýady» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahatda çykyş edenler gözel paýtagtymyzyň täze belentlikleri we gurlup ulanylmaga berilýän sport desgalary, gender deňliginiň hukuk binýady esasynda hem-de sport ulgamynda ýetilen belent sepgitler we gazanylan netijeler barada çykyş etdiler. Maslahata gatnaşyjylar şeýle döwrebap, ak mermerli sport mekdeplerinde we sport desgalarynda işlemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýtdylar. Daýanç BATYROW,

Ýollarymyz asuda bolsun!

Häzirki döwürde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek ileri tutulýan ugurlaryň hem-de wajyp meseleleriň biri hasaplanylýar. Her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäklerinde hem ýurdumyzyň ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklardyr maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Ýollaryň asuda, abadan bolmagy üçin durmuşa geçirilýän bu işler adam hakyndaky aladanyň aýdyň subutnamasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda raýatlarymyzyň jan saglygyna, howpsuzlygyna gönükdirilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem guramaçylykly guralýar. Ýol hereketiniň howpsuz bolmagyny gazanmak hemmeleriň işidir. Sebäbi hadysasyz köçe-ýollarymyz her bir maşgalanyň abadan ýaşaýşynyň, ömrümiziň rahatlygynyň kepilidir.

Suwuň saglyga peýdasy

Suw – ýaşaýşyň çeşmesi. Biziň her birimiz suwsan wagtymyz teşneligimizi gandyrmak üçin suw içýäris, şonsuz durmuşymyzy göz öňüne getirmek mümkin däldir. Umuman, bu düşünje diňe bir suwsan wagtymyzda däl-de, hemişe biziň aňymyzda. Ata-babalarymyz hem suwuň gadyryna, gymmatyna düşünip, onuň her damjasyny altynyň dänesine deňäpdirler. Suw gündelik durmuşymyzdaky iň zerur zatlaryň biridir. Ýöne onuň saglygymyzy gorap saklamakda hem örän ähmiýetlidigini hiç haçan unutmaly däldiris. Suw içmegiň hem öz kadalary bardyr. Geliň, şolar barada gürrüň edeliň.

Ajaýyp pursatlara beslenýän baýram

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň altyn güýzüniň ýetip gelmegi bilen, toýlary toýlara, baýramlary baýramlara ulaşýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň çar künjegini ýene-de bir ajaýyp baýramyň – Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaraly çäreleri gurşap alar. Her ýylyň täze okuw möwsüminiň ilkinji gününde giňden bellenilýän bu nurana senäniň kalplardaky buýsanjy, guwanjy artdyrjak çäreleri, okuw mekdeplerinde döredilen ajaýyp şert-mümkinçilikler ýurdumyzda ýaş nesiller, olaryň dünýä ülňülerine laýyklykda bilim-terbiýe almaklary ugrunda edilýän aladanyň bimöçberdiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüler. Hormatly Prezidentimiziň: «Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralary ýaş nesillerimizi watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ugrunda ak ýürekden yhlasly zähmet çekýän mugallymlarymyzyň hem-de ähli bilim işgärlerimiziň, geljegimiz bolan bagtyýar ýaşlarymyzyň, şeýle hem tutuş halkymyzyň durmuşyny ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara besleýär» diýen dürdäne sözleri nobatdaky gezek dabaralanar.

Ýolumyza nur saçýan Garaşsyzlyk

Türkmen halky güýz paslyna aýratyn gadyr-hormat goýup, ony «altyn güýz» diýip derejeläp, sarpalap gelipdir. Şahyrlarymyz hem güýzi öz şygyrlarynda üýtgeşik hyjuw, yhlas bilen wasp edipdirler. 1991-nji ýylda bolsa bu nurana paslyň halkymyzyň durmuşyndaky, ykbalyndaky orny has-da belentliklere göterildi. Şol ýylyň altyn güýzünde eýe bolnan mukaddes Garaşsyzlyk türkmen halkynyň alnyndan ak Gün bolup dogup, ýolumyza nur çaýdy, Magtymguly atamyzyň çoh garaşan ajap eýýamy gelip, halkymyz berkarar döwletli doldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Garaşsyzlyk ata Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we abraý-mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlygymyzdyr» diýip nygtaýar. Şol beýik gymmatlygyň eýesi bolanymyza «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 33 ýyl dolýar. Geçen şol şöhratly ýyllarda, esasan hem onuň «Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwri» diýlip atlandyrylan eýýamynda, şeýle-de, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri» diýlip atlandyrlýan häzirki zamanasynda gazanylan ösüşler türkmen halkynyň agzybirlikde, jebislikde ýetip bilmejek menziliniň ýokdugyny äleme äşgär etdi. Türkmenistan döwletimiz taryhy jähetden alanyňda örän gysga döwrüň içinde dünýäniň iň kuwwatly döwletleriniň hatarynda mynasyp orun eýeledi.

Ösüşlere beslenýän döwür

Täze taryhy döwürde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli işler halkymyzyň eşretli, abadan, asuda durmuşyny üpjün edip, ýurdumyzyň dünýäniň kuwwatly döwletleriniň hataryndaky ornuny has-da pugtalandyrýar. Muny hormatly Prezidentimiziň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri asyrlardan gözbaş alyp, geljege uzaýan, agzybirligimize we jebisligimize daýanyp, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işlerimiz bilen şöhratlanýan döwürdir» diýen dürdäne sözleri hem aýdyň tassyklaýar. Her bir döwür şanly wakalary bilen şöhratlanýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň barha golaýlaşýan 33 ýyllyk baýramy hem ajaýyp zamanamyzyň şanly wakalarynyň hatarynda mynasyp orny eýelär. Naýbaşy baýramymyzyň öň ýanynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem uly toýy has-da dabaralandyrjak, onuň şanyna şan goşjak möhüm syýasy-jemgyýetçilik waka hökmünde täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylar.

Taryhy çözgütler kabul ediler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri – taryhy ösüşleriň, özgertmeleriň zamanasy. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeleriniň esasynda ajaýyp zamanamyzda amala aşyrylýan işler döwletimiziň has-da gülläp ösmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň öňküdenem gowulandyrylmagyna gönükdirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda giňden taýýarlyk görülýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde bu ýörelgelerden gelip çykýan belent wezipeleri geljekde hem üstünlikli durmuşa geçirmegiň anyk ýollarynyň kesgitleniljekdigini ynam bilen aýdyp bolar. 24-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyljak wajyp wezipeler döwletimiziň öňde goýýan belent maksatlaryna ýetmegine oňyn itergi berer. Halkyň bähbitlerini goraýan ýokary wekilçilikli edara bolan Halk Maslahaty ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryny beýik tutumlaryň, taryhy özgertmeleriň daşyna jebisleşdirip, nurana geljege alyp gitmekde uly güýçdür. Milli demokratik däplerimiziň, il-ýurt bähbitli meseleleri halk bilen maslahatlaşyp çözmek ýaly ilhalar ýörelgelerimiziň ajaýyp zamanamyzda uly rowaçlyklara beslenýändigine ählihalk forumynyň mysalynda ýene bir ýola göz ýetireris.

Maniladan üç medal

Türkmenistanly türgenler Filippinleriň paýtagty Manilada 21 ýaşa çenli kadetleriň we ýetginjekleriň arasynda geçirilen karate boýunça 22-nji Aziýa çempionatynda bürünç medallaryň üçüsine mynasyp boldular. Aziýanyň karate federasiýasynyň we Bütindünýä karate federasiýasynyň guramagynda geçirilen ýaryşa 30 ýurtdan 561 türgen gatnaşdy. Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň toparyna 10 türgen, 2 tälimçi we halkara derejeli eminleriň üçüsi wekilçilik etdi.