"Türkmen sporty" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmen Sporty" gazetiniň redaksiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe 66 jaýy
Telefon belgileri: 22-33-91, 22-33-72

Habarlar

Dürli derejeli medallar

Ýurdumyzyň ussatlar we milli ýygyndy toparlary üçin kämil türgenleri ýetişdirmekde sport mekdeplerine uly orun degişlidir. Biziň zähmet çekýän sport mekdebimizde hem sportuň görnüşleri boýunça zehinli, ukyply ýaş türgenleri saýlap-seçip almakda, ýüze çykarmakda hem-de olary taýýarlamakda meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Öz işiniň ussady bolan tälimçi-mugallymlaryň halypalyk etmeginde ýaş türgenlerimiz milli we halkara derejeli ýaryşlarda tapawutlanýarlar. Ýakynda taekwondo (ITF) boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda hem sport mekdebimiziň tälimçi-mugallymy, halkara derejeli sport ussady Orazmyrat Çaryýewiň şägirtleri üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýelemegi başardylar.

Sagdyn jemgyýetiň binýady

Jemgyýetiň abadançylygyny, döwletiň gülläp ösüşini üpjün etmekde bedenterbiýä we sporta wajyp orun degişlidir. Dünýä derejesinde bu ugurlary ösdürmek, ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmak, halkara ýaryşlaryny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler hem bu hakykaty doly tassyklaýar. Berkarar ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketine nurana geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan kämilligini gazanmakda möhüm şertleriň biri hökmünde garalýar. Degişli ugurdaky döwlet syýasaty raýatlaryň durmuşynyň hilini gowulandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, beden we ruhy taýdan kämil nesli terbiýelemäge, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýän türgenleri taýýarlamaga gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz ynsan saglygyny ähli zatdan ileri tutup, beden we ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmäge uly ähmiýet berýäris. Döwletimiziň bu asylly maksatlarynyň amala aşyrylmagynda sport esasy orunlaryň birini eýeleýär. Täze taryhy eýýamda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän ildeşlerimiziň hatary yzygiderli artýar, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi barha rowaçlanýar. Munuň özi nesil sagdynlygyny gazanmakda ähmiýet berilmeli ýagdaýdyr. Şonuň bilen birlikde, ol ýokary netijeli sporty ösdürmegiň hem esasy şertleriniň biridir» diýip belleýä

«Saglyk» Döwlet maksatnamasy hereketde

«Adam jemgyýetiň we döwletiň esasy gymmatlygydyr» diýen ýörelgeden ugur alýan ýurdumyzda ilat arasynda keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek, olaryň öňüni almak, arassaçylyk-gigiýena kadalarynyň berk berjaý edilmegini gazanmak babatda hem uly işler ýerine ýetirilýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezine hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasynyň berilmegi bizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Alnyp barylýan işlere ISO 9001 standartynyň ornaşdyrylmagy merkeziň hünärmenleriniň öz işlerini ýokary derejede ýola goýýandygyny, zerur hyzmatlaryň gyşarnyksyz berjaý edilýändigini tassyklaýar.

Adamzat paýhasynyň ägirdi

«Adamzat paýhasynyň ägirtleriniň hatarynda pähime-paýhasa, ynsanperwerlige, hoşniýetlilige çäksiz sarpa goýan dana Pyragynyň jöwher şygryýeti külli adamzat üçin gymmatly ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýäsidir» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyraga goýulýan hormat-sarpanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe arşa göterilendigini belläp geçmek ýakymlydyr.

Ýeňişli ýol dowam edýär

Geçen ýylyň güýz aýy. Paýtagtymyzdaky «Nusaý» stadionyna ýygnanan futbol janköýerleridir metbugat wekilleri dowam edýän duşuşygyň tamamlanaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Garaşmazça-da däldi. Çünki duşuşygyň emini Resul Mämmedowyň oýnuň gutarýandygyny aňlatjak jürlewügi taryhy netijäni hasaba almalydy. Şol güneşli gün «Arkadag» topary garşydaşy «Altyn Asyr» toparyny ýeňen ýagdaýynda gysga taryhynda ilkinji çempionlygyny gazanmalydy. Soňlugynda bu şeýle-de boldy... Döredilen ilkinji ýylynda taryhy netije gazanan Arkadag şäheriniň adybir toparynyň taryhy ýeňşiniň dowamly boljakdygy şol pursatlarda hem mälimdi. Ine, indi bolsa täze netijeler, täze belentlik. Ikinji ýylynda hem ýeňlişsiz ýoly dowam edýän «Arkadag» topary futbol çempionatymyzyň iki aýlawynyň netijesinde geçiren 16 oýnunda 48 utuk toplap, bassyr ikinji çempionlygyna barýar. Toparyň binýadynda şu ýyl döredilen «Arkadag II» toparynyň ýaşlar ligamyzdaky üstünligi bolsa geljekki ýeňişleriň dowamat-dowam boljakdygyny görkezýär.

Nobatdaky üstünlik

Golaýda uşu boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary Täjigistan Respublikasynyň Hujand şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň kubogy ugrundaky bäsleşiklerde şowly çykyş edip, toparlaýyn görnüşde ýeňiş gazanmagy başardylar. Ýeri gelende bellesek şu ýyl ýurdumyzda Milli uşu federasiýasynyň döredilmegine 30 ýyl dolýar. Häzirki wagtda Diýarymyzda 2 müňden gowrak türgen sportuň bu görnüşi boýunça meşgullanýarlar. Başa-baş söweş sungatynyň bu ugry boýunça milli mekdebimiziň türgenleri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip gelýärler. Geçen ýyl ABŞ-da geçirilen uşu boýunça dünýä çempionatynda hem türkmen uşuçylarynyň şowly çykyşlary bellärliklidir. Nobatdaky ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri birnäçe agram derejelerinde çykyş edip, ýurdumyzyň medal gaznasynyň sanyny artdyrmagy başardylar. Olardan paýtagtymyzdaky 51-nji orta mekdebiň okuwçysy Sanjar Artykow

«Ýüpek ýoly ‒ 2024» halkara rallisinde türkmen toparlarynyň üstünlikleri

14-nji gezek geçirilen «Ýüpek ýoly» halkara awtoralli ýaryşynda türkmen toparlarynyň ıkısı baýrakly orunlara mynasyp boldular. 13 döwletden 100-e golaý toparyň gatnaşmagynda 11 günläp geçirilen ýaryşda oňa gatnaşyjylar 5 müň 243 kilometr menzili külterläp, Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde pellehana ýetdiler. Badalgasy Russiýada berlen halkara awtoralli ýaryşynyň Altaý daglarynyň we Gobi çölüniň çylşyrymly ýollaryndan hem geçendigini aýratyn nygtamak gerek.

Sporta hem sagdyn durmuşa sarpa

Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren beýik işlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirmeginiň netijesinde ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda, sagdyn durmuş ýörelgesini, köpçülikleýin bedenterbiýäni ýaýbaňlandyrmakda, sporty ösdürmekde häzirki wagtda belent sepgitlere ýetilýär. Ähli etrap-şäherlerde döwrebap saglygy goraýyş merkezleriniň, şypahanalaryň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, dürli sport desgalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biriniň raýatlaryň saglygyny goramak, sagdyn ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, sagdyn durmuş ýörelgesini, sporty rowaçlandyrmak bolup durýandygyna aýdyň güwä geçýär.

Welaýatlardan habarlar

Beden saglygyny berkitmekde hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi ýaş nesiller üçin has hem ruhlandyryjydyr. Bu gün hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, diňe bir ýaşlar däl, eýsem ýurdumyzyň ähli raýatlary sport bilen meşgullanmagy gündelik endiklerine öwürýärler. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek ýurdumyzda mizemez ýörelgä öwrülýär. Ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan üstünlikleriniň gözbaşy hormatly türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça başyny başlan syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegindedir. Mähriban halkymyzyň, ýaşlaryň şular ýaly ajaýyp zamanada bagtyýar ýaşamagy, sport bilen giňden meşgullanmagy ugrunda şeýle beýik işleri durmuşa geçirýän Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Halkara ýaryşyndaky üstünlik

Ýetginjek futbolçylardan düzülen toparlarymyzyň üçüsi Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen «AFL Kids Cup – 2024» halkara ýaryşda şowly çykyş etdiler. 2012-nji ýylda doglan futbolçylaryň arasyndaky bäsleşik toparlaryň 6-synyň gatnaşmagynda bir aýlawda geçirildi. Netijede Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 10-njy sport mekdebiniň «Batly» topary (tälimçisi Gahrymanberdi Çoňkaýew) baş baýraga mynasyp boldy. Bu toparyň ezber oýunçysy Kemal Geldiýew ýaryşyň «Iň ökde oýunçysy» diýlip yglan edildi. Bu ýaş derejesinde geçirilen bäsleşikde ikinji, üçünji orunlary degişlilikde «Odil Žunior» (Özbegistan) hem-de «Roýal» (Gazagystan) toparlary eýelediler.

Dynç alyş we bedenterbiýe

Häzirki zaman dünýäsinde sport gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Çagalar üçin bedenterbiýe bilen meşgullanmak diňe bir gyzykly güýmenje däl, eýsem, möhüm zerurlykdyr. Sport çaganyň sagdyn ösmegine ýardam edýär we bedeniniň ösüşi üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär. Yzygiderli beden taýýarlygy keseliň ýüze çykmak mümkinçiligini azaldýar, fiziki we emosional durnuklylygy ýokarlandyrýar hem-de bedeniň ösüş ýagdaýyny çaltlaşdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda ýaş nesliň terbiýesi, saglygyny goramagyň mowzugy mekdep derslerinde ol ýa-da beýleki dersler bilen utgaşyklylykda ýola goýuldy. Çagalarda medeniýetiň kemala gelmegi üçin ýurt derejesinde bilim giňişliginiň mümkinçiliklerini peýdalanmagy, sagdyn we howpsuz durmuş ýörelgesini, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramagy, sazlaşykly şahsyýet terbiýesini kemala getirmek ugrunda döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar.

Çagalar suw ýodalarynda

Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar Gökderede hereket edýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler. Ýakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinıň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň suwda ýüzmek boýunça geçiren bäsleşigi çagalara öz başarnyklaryny görkezmäge nobatdaky mümkinçilik boldy. Gökderäniň gözel künjegindäki «Çynar» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde geçirilen 25 metr aralyga suwda ýüzmekde ökdeler öňe saýlandy.

Şypaly kenardaky sapaly günler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, ýadawsyz aladalary netijesinde ýurdumyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin dünýä nusgalyk şert-mümkinçilikleriň döredilendigine Hazaryň türkmen kenaryna özboluşly bezeg berip oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolanyňda aýdyň göz ýetirýärsiň. Esasan-da, tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän şu günlerinde bu ajaýyp künjekde bagtyýar çagalaryň gülki sesleri belentden ýaňlanýar. Çaga gülkülerini eşideniňde, göwnüň göterilip, döwletli-döwranymyza söýgi-buýsanjyň has-da artýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna eziz Diýarymyzyň çar künjeginden gelip, dynç alýan çagalar ýatdan çykmajak, şatlyk-şowhundan doly ýakymly pursatlary başdan geçirýärler. Ady dünýä dolan zolagyň sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, oýun otaglary, tans zallary, kompýuter otaglary, kitaphanalar, el iş gurnaklary, şekillendiriş otaglary we beýleki amatlyklar ýaş nesliň hyzmatynda. Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Ýaryşlar, döredijilik bäsleşikleri çagalaryň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda, olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine işjeň eýermegini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Zehinli çagalaryň gatnaşmagynda guralýan dürli aýdym-sazly çäreler

Hoşniýetli gatnaşyklarda täze sahypa

Geçen hepdäniň şenbe güni paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açan duşuşygy irden paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasynda geçirildi. Döwlet Baştutanymyz we iri halkara guramanyň ýolbaşçysy salamlaşyp, Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baýdagynyň öňünde surata düşdüler. Soňra hormatly Prezidentimiz bilen BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Sport – parahatçylygyň, dostlugyaň nyşany

«Spor­ta ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dost­lu­gyň ny­şa­ny hök­mün­de ga­ran ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyl­ly ýo­lu­ny do­wam et­di­rip, biz spor­ty dün­ýä ýurt­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ug­ry, halk­la­ryň ara­syn­da dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry pug­ta­lan­dyr­ma­gyň äh­lu­mu­my se­riş­de­si hök­mün­de gör­ýä­ris» di­ýip, hormatly Prezidentimiz Ser­dar Berdimuhamedow nyg­ta­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan dün­ýä­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ro­waç­lan­dyr­ma­ga, spor­tuň dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ber­kit­mek­dä­ki or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len Ka­rar­na­ma­la­ryň ka­bul edil­me­gi, Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň Hö­kü­met Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň paý­tag­ty­myz­da ge­çen mej­li­sin­de Aş­ga­bat şä­he­ri­ni «Ar­ka­la­şy­gyň tä­ze sport müm­kin­çi­lik­le­ri­niň şä­he­ri» di­ýip yg­lan et­mek ba­ra­da­ky Çöz­gü­diň ka­bul edil­me­gi, ýur­du­myz­da ge­çi­ri­len en­çe­me hal­ka­ra ýa­ryş­lar we giň ge­rim­dä­ki me­de­ni-sport we eko­lo­giýa çä­re­leri döwlet Baştutanymyzyň bu söz­le­ri­niň döw­rü­mi­ziň be­ýik ha­ky­ka­ty­nyň be­ýa­ny­dy­gy­na gü­wä geç­ýär. Umu­man, ýur­du­my­zyň alyp bar­ýan sport dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gi­niň Türk­me­nis­ta­nyň sport ýurdy diý­lip yk­r

Olim­pi­ýa­çy­la­ry­my­za ak ar­zuw­lar

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň çuň­ňur oý­la­ny­şyk­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zyň sport ul­ga­myn­da düýp­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ry­lyp, ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty ös­dür­mä­ge hem­me­ta­rap­la­ýyn we yl­my esas­da çe­me­leş­mä­ge döw­let de­re­je­sin­de uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Spor­tuň we be­den­ter­bi­ýä­niň ös­dü­ril­me­gi hem-de hal­ka­ra sport hyz­mat­daş­ly­gy­nyň gi­ňel­dil­me­gi döw­le­ti­miz­de al­nyp ba­ryl­ýan sy­ýa­sa­tyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Türk­me­nis­tan hä­zir­ki wagt­da ösen sport ul­gam­ly, dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki ýa­ryş­la­ry üs­tün­lik­li ge­çir­mek­de baý tej­ri­be­si bo­lan, hal­ka­ra sport hyz­mat­daş­ly­gy ul­ga­my­na iş­jeň gat­naş­ýan ýurt hök­mün­de ta­nal­ýar. Ýur­du­myz­da yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän dün­ýä we yk­lym de­re­je­sin­dä­ki ab­raý­ly ýa­ryş­lar we tür­gen­le­ri­mi­ziň gör­kez­ýän us­sat­lyk­la­ry­dyr ga­zan­ýan ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri hem mu­ňa aý­dyň su­but­na­ma­dyr. Türk­men tür­gen­le­ri di­ňe bir hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­na, dün­ýä we Azi­ýa çem­pio­nat­la­ry­na gat­naş­mak bi­len çäk­len­män, eý­sem Olim­pi­ýa oýun­la­ryn­da hem yzy­gi­der­li çy­kyş edip gel­ýär­ler. Da­ba­ra­ly açy­ly­şy­na san­ly­ja gün­ler ga­lan dört­ýyl­ly­gyň no­bat­da­ky iri sport ýa­ryş­la­ry­na hem il­deş­le­ri­mi­ziň gat­naş­ýan­dy­gy buý­san­dyr­ýar.

Spor­tuň ro­waç­ly­ga bes­len­ýän döw­ri

Şu ýyl Ga­raş­syz­ly­gy­nyň şan­ly 33 ýyl­ly­gy dün­ýä do­lan da­ba­ra­lar bi­len bel­le­ni­lip ge­çil­jek Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz­da ge­çen şöh­rat­ly ýyl­la­ryň do­wa­myn­da äh­li ugur­lar­da ägirt uly ösüş­ler ga­za­nyl­dy. Ösüş­ler, ýe­ti­len be­lent sep­git­ler ha­kyn­da söh­bet edi­len­de, el­bet­de, ýur­du­myz­da sport ul­ga­myn­da ama­la aşy­ry­lan nus­ga­lyk iş­ler ba­ra­da hem buý­sanç bi­len bel­le­mek bo­lar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ta­ra­pyn­dan bin­ýa­dy goý­lan sport ul­ga­my­nyň ösüş­li ýo­lu­nyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz ta­ra­pyn­dan has-da öňe iler­le­ýän­di­gi, uly ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän­di­gi gu­wan­dy­ry­jy­dyr.

Paýtagtyň sport durmuşyndan

Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsüminde Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Bilim ministrliginiň, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagyndaky çäreler giň gerime eýe bolýar. Ýakynda Gökderedäki «Altyn sümmül» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde sportuň birnäçe görnüşleri boýunça «Gökdere kubogy» ugrunda merkezara ýaryş geçirildi. Sapaly jülgedäki çagalar dynç-alyş we sagaldyş merkezleriniň toparlarynyň hem-de dynç alýan oglan-gyzlaryň aýratyn tapawutlananlary ýüze çykarylyp, olara ýörite sowgatlardyr Hormat hatlary gowşuryldy. Ýaş nesillerimiziň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda uly tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik tutumlary rowaçlyklara beslensin!

Üstünlikden —üstünlige

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynyň täze milli ulgamy, döwrebap nusgasy döredilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz il-ulsumyza nusgalyk görelde görkezýärler. Sagdyn durmuş ýörelgesi we sport bagtyýar döwürde ösüp gelýän ýaş nesilleri sazlaşykly terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Şunda tälimçileriň alyp barýan ýokary derejeli işi hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Biziň zähmet çekýän sport mekdebimizde hem tejribeli tälimçileriň birnäçesi zähmet çekýär. Şolaryň biri hem sport mekdebiniň söweş sambo boýunça tälimçisi, milli ýygyndy toparyň tälimçisi Dawut Nuryýewdir. Onuň şägirtleri ýakynda Makao şäherinde (Hytaý Halk Respublikasy) geçirilen sambo we söweş sambosy boýunça Aziýa hem-de Okeaniýa çempionatyna gatnaşdylar. Bu ýaryşda türkmen türgenleri şowly çykyş edip, 21 medala mynasyp boldular. Şolaryň 2-si altyn, 6-sy kümüş, 13-si bolsa bürünç medallardyr. Netijede, Türkmenistanyň milli ýygyndysy öňdäki üçlügi jemledi.

Nurananyň arzuwy

Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany diýlip ykrar edilen ýurdumyz bu belent ykrarnamany sport ulgamynda amala aşyrylan beýik işleriň netijesinde gazandy. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan şol işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Bedenterbiýe we sport döredijilik başlangyçlaryny, maksada okgunlylygy höweslendirýän sagdynlygyň hem gujur-gaýratyň çeşmesidir. Çünki dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň, hususan-da, ýaş nesillerimiziň saglygy üçin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak döwrüň möhüm talabydyr» diýip nygtaýar. Ine, döwrüň şol möhüm talabyndan ugur alyp, sport bilen yzygiderli meşgullanýan, ony durmuşynda hemişelik hemra edinen ýaşlaryň sanynyň barha artýandygy guwandyrýar. Biziň söhbedini etjek türgen gyzymyz, Balkanabat şäherindäki 16-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Nurana Janmämmedowa hem şeýle ýaşlaryň biridir. Sporta söýginiň, höwesiň çagalygyndan bäri kalbynda ymykly orun alandygyny nygtaýan Nurana Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Balkanabat şäherindäki 1-nji sport mekdebiniň boks boýunça gurnagyna mundan dört ýyla golaý ozal gatnap başlaýar. Şondan bäri hem bu sport mekdebinde tälimçi doganlar Azat we Eýýup Hajynurowlardan tälim alyp gelýän türgeniň kem-kemden kämilleşýändigine onuň gatnaşan ýaryşlarynda görkezen netijele