Nobatdaky üstünlik

19 Iýul 2024
502

Golaýda uşu boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary Täjigistan Respublikasynyň Hujand şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň kubogy ugrundaky bäsleşiklerde şowly çykyş edip, toparlaýyn görnüşde ýeňiş gazanmagy başardylar. Ýeri gelende bellesek şu ýyl ýurdumyzda Milli uşu federasiýasynyň döredilmegine 30 ýyl dolýar. Häzirki wagtda Diýarymyzda 2 müňden gowrak türgen sportuň bu görnüşi boýunça meşgullanýarlar. Başa-baş söweş sungatynyň bu ugry boýunça milli mekdebimiziň türgenleri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip gelýärler. Geçen ýyl ABŞ-da geçirilen uşu boýunça dünýä çempionatynda hem türkmen uşuçylarynyň şowly çykyşlary bellärliklidir.

Nobatdaky ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň türgenleri birnäçe agram derejelerinde çykyş edip, ýurdumyzyň medal gaznasynyň sanyny artdyrmagy başardylar. Olardan paýtagtymyzdaky 51-nji orta mekdebiň okuwçysy Sanjar Artykow

Tirkiş DÖWLETOW,
Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 2-nji sport mekdebiniň tälimçi-mugallymy.