Nurananyň arzuwy

12 Iýul 2024
174

Sagdynlygyň, ruhubelentligiň, sportuň mekany diýlip ykrar edilen ýurdumyz bu belent ykrarnamany sport ulgamynda amala aşyrylan beýik işleriň netijesinde gazandy. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan şol işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Bedenterbiýe we sport döredijilik başlangyçlaryny, maksada okgunlylygy höweslendirýän sagdynlygyň hem gujur-gaýratyň çeşmesidir. Çünki dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň, hususan-da, ýaş nesillerimiziň saglygy üçin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak döwrüň möhüm talabydyr» diýip nygtaýar. Ine, döwrüň şol möhüm talabyndan ugur alyp, sport bilen yzygiderli meşgullanýan, ony durmuşynda hemişelik hemra edinen ýaşlaryň sanynyň barha artýandygy guwandyrýar.

Biziň söhbedini etjek türgen gyzymyz, Balkanabat şäherindäki 16-njy orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Nurana Janmämmedowa hem şeýle ýaşlaryň biridir. Sporta söýginiň, höwesiň çagalygyndan bäri kalbynda ymykly orun alandygyny nygtaýan Nurana Balkan welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Balkanabat şäherindäki 1-nji sport mekdebiniň boks boýunça gurnagyna mundan dört ýyla golaý ozal gatnap başlaýar. Şondan bäri hem bu sport mekdebinde tälimçi doganlar Azat we Eýýup Hajynurowlardan tälim alyp gelýän türgeniň kem-kemden kämilleşýändigine onuň gatnaşan ýaryşlarynda görkezen netijeleri bilen tanyş bolanyňda kemsiz göz ýetirýärsiň.

Aşyr BERDIÝEW.