Halk bilen häkimiýeti jebisleşdiriji güýç

9 Awgust 2024
100

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli durmuşyň hözirini görýän agzybir hem zähmetsöýer halkymyz naýbaşy baýramymyz bolan Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi ýokary derejede garşylamak üçin ýokary derejede taýýarlyk görýär. Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda, ýagny 24-nji sentýabrda paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi naýbaşy baýramyň dabarasyna dabara, şanyna şan goşup, täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylar.

Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň nobatdaky mejlisi il agzybirliginiň, ýurt parahatçylygynyň aýdyň güwäsi bolar. Onda ösüşlere beslenýän zamanamyzda ýetilen belent sepgitleriň jemi jemlenilip, ýurdumyzyň ösüşinde öňde durýan täze wezipeler kesgitlener, il-ýurt bähbitli çözgütler kabul ediler.

Ogulbeg ÖWEZOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri.