Sagdynlygyň we sportuň sazlaşygy

9 Awgust 2024
119

Ajaýyp zamanamyzda şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryň okgunly ösdürilmegini göz öňünde tutýan maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň esasynda hem, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap sport toplumlary, saglygy goraýyş maksatly möhüm desgalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu bolsa diňe bir şu günki däl-de, geljekki nesilleriň sagdyn we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde hem möhüm ähmiýetlidir.

Döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň binýady bolan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgamyň desgalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, innowasion tehnologiýalaryň, iň gowy dünýä tejribesiniň we gazanylanlarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýändigi hemmämize mälimdir. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk edaralary, ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda toplan oňyn tejribesiniň dünýä bileleşiginiň, iri halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Çagalar gaznasynyň we beýlekileriň giň ykrarnamasyna eýe bolandygy buýsandyryjy hakykatdyr. Abraýly guramalar bilen ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň türkmen lukmanlaryna dürli keselleri anyklamagyň, bejermegiň has netijeli usullaryny ulanmaga mümkinçilik berýändigini hem bellemek gerek.

«Türkmen sporty».