Halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde

16 Awgust 2024
98

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň, ozaly bilen, ýaş nesliň saglygyny berkitmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri hökmünde yglan edip, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hem-de ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine uly ähmiýet berdi. Biz muny ýurdumyzda sportuň görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlaryň mysalynda hem görýäris. Sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hem öňde durýan esasy wezipeleriň biridir.

Ine, şu günler hem Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi welosport klubunyň welosipedçileri Aşgabat şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýärler.

Çemen BAÝRAMOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.