Awazada ýaňlanan aýdymlar

16 Awgust 2024
86

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we taýsyz tagallalary netijesinde gojaman Hazaryň türkmen kenary gysga taryhy döwrüň içinde düýpgöter özgerdi. Bu gözel künjekde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilip, onuň durmuş düzüminiň yzygiderli ösdürilmegi, ösen halkara ölçeglerine kybap gelýän dynç alyş-şypahana ulgamynyň giňeldilmegi bilen, deňiz kenary jenneti mekana öwrüldi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birbada ençeme müň syýahatçyny kabul etmäge we olara dünýä hil ülňülerine laýyklykda hyzmat etmäge ähli mümkinçilikler bar. Hazaryň türkmen kenarynyň tebigatynyň, howasynyň, ösümlik dünýäsiniň ekologiýa taýdan arassadygy, mikroelementlere baýdygy, tebigy bejeriş häsiýetine eýedigi bilen tapawutlanýandygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Dost-doganlyk mekany hökmünde ykrar edilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen ýyllaryň dowamynda halkara derejesindäki forumlaryň ençemesiniň üstünlikli geçirilmegi Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynyň dünýädäki meşhurlygynyň artmagyna itergi berdi. Ýakynda bu ajaýyp ýerde «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülik we sport çäreleriniň üstünlige beslenip geçirilmegi, oňa Russiýa Federasiýasyndan hem mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagy diýseň begendirýär. Bu giň göwrümli çäreleriň çäginde ýaňlanan aýdym-sazlarynyň deňiz kenaryny alaýaza besländigini, olarda bagtly çagalygyň, dost-doganlygyň we Awazanyň waspynyň belentden ýetirilendigini bellemek ýakymlydyr.

Aýjemal ŞIRIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň 4-nji ýyl talyby.