Hyzmatdaşlygyň hem ylalaşygyň deňzi

9 Awgust 2024
104

Her ýylyň 12-nji awgustynda birnäçe döwletler bilen birlikde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem Hazar deňziniň güni giňden bellenilip geçilýär. Bu halkara sene Hazarýaka döwletleri tarapyndan ýerine ýetirilýän Hazar ekologik maksatnamasynyň çäklerinde işlenip düzülen we 2003-nji ýylyň noýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde kabul edilen Hazar deňziniň gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň ähli Hazarýaka döwletleri tarapyndan 2006-njy ýylda tassyklandy we resmi taýdan güýje giren güni bilen baglanyşykly esaslandyryldy.

Hazar deňziniň gününiň her ýylda halkara derejede bellenilip geçilmeginiň esasy maksady ony hapalanmakdan goramak boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmekden, şeýle hem Hazar deňziniň biologik baýlyklaryny gorap saklamakdan, dikeltmekden, durnukly we rejeli peýdalanmakdan, ilatyň bu barada ekologik bilimini baýlaşdyrmakdan we ekologik medeniýetini kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar. Hazar deňzini gorap saklamakda birnäçe halkara başlangyçlaryny öňe süren ýurdumyzda Hazar deňziniň gününiň uly dabaralara beslenmegi bolsa bu deňze halkymyzyň tebigatyň genji-hazynasy hökmünde garaýandygynyň özboluşly subutnamasydyr.

Mährijamal MOMMYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uly mugallymy.